348
Ýurdumyzda geçiriljek Halkara zenanlaryň güni mynasybetli BMG-niň Ösüş maksatnamasy (GÖM) ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda akyl-paýhas bäsleşigini gurady.
Akyl-paýhas bäsleşigi «Zenan alymlar: howanyň üýtgemegine garşy göreşde liderler» atly mowzukda geçirildi. Akyl-paýhas bäsleşiginiň baş baýragy Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplaryna berildi.
Birinji orun Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň toparyna, ikinji orun Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň toparyna berildi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň toparlary üçünji orny eýeledi.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň topary «Innowasiýa we döredijilik» baýragy bilen sylaglandy.
Toparlara Türkmenistandaky BMGÖM-den şahadatnamalar we baýraklar gowşuryldy. Bu çäre BMGÖM-iň «Aral deňziniň basseýninde köp sanly peýdany gazanmak üçin ýer baýlyklaryny we ýokary ekoulgamlary gorap saklamak hem-de durnukly dolandyrmak» we «Türkmenistanyň durnukly şäherleri» taslamasynyň çäginde geçirildi.
Aşgabatda we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi Bütindünýa Daşky Gurşaw Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär.
Bäsleşik howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we täsirleri azaltmak, bilim we tejribe alyşmak üçin meýdançalar bilen üpjün etmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça milli tagallalary goldamak üçin ýaşlaryň arasynda durnukly durmuş ýörelgesini öňe sürmek babatda zenanlaryň we gyzlaryň ornuny görkezmegi maksat edinýär.