363
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary üçin daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmagynda umumy sapaklar geçirildi. Bu sapaklar «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäginde guraldy.
Umumy sapaklarda abraýly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary — Russiýanyň Halk dostluk uniwersitetinden (RUDN) fizika-matematika ylymlarynyň doktory Darýa Apuşkinskaýa, Nazarbaýew uniwersitetiniň (Gazagystan Respublikasy) kompýuter ylymlary bölüminiň müdiri Adnan Ýazyjy, Westminster uniwersitetiniň professory Endrýu Linn (Angliýa) we Kembrij uniwersitetiniň professory, Kembrij uniwersitetiniň Merkezi Aziýa forumynyň (CCAF) müdiri Saksan Sidhart Şanker dagy çykyş etdiler.
Umumy sapaklaryň mowzugy «Matematiki modelleri gurmak», «Emeli intellektiň geljegi: IT dünýäni nädip özgerdýär?», «Iňlis dilinde bilim we uniwersitetleriň halkaralaşmagy» hem-de «Durnukly ösüş üçin ylym, tehnologiýa we jemgyýetçilik syýasaty pudagyndaky täzelikler» ýaly ugurlary öz içine aldy.
Sapaklar tejribe alyşmaga uly mümkinçilik döretdi. Şonuň bilen birlikde, innowasion okatmagyň usullary, daşary ýurt dillerini okatmagyň didaktiki aýratynlyklary, ýokary okuw mekdepleriniň hünär ugry, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ylym pudagyndaky orny, şeýle hem bilim ulgamynda möhüm komponent hökmünde uniwersitetleriň arasyndaky halkara hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.
Umumy sapaklaryň sorag-jogap görnüşinde geçirilendigini bellemelidir, bu bolsa oňa gatnaşyjylara tejribeli daşary ýurtly hünärmenlerden dürli soraglara jogap almaga mümkinçilik döretdi.