img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory bilen duşuşdy

210

...

Ozal habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň bilim ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Katar Döwletinde iş saparda bolýar. 26-njy fewralda türkmen wekiliýetiniň düzüminde iş saparda bolýan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew bilen Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory, jenap Abdulaziz bin Muhammed al-Horryň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew katar tarapyny türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bilen tanyşdyryp, türkmen-katar gatnaşyklary barada gürrüň etdi hem-de birnäçe mysallary getirdi. Hususan-da, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça barha ösýänligini delillendirildi. Şeýle-de rektor J.Gurbangeldiýew öz çykyşynyň soňunda katar tarapyna bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öz teklipleri bilen ýüzlendi. Taraplar bilelikde okuw-usulyýet, ylmy seminarlaryny guramak, gysga möhletli gulluk, okuw, hünär kämilleşdiriş alyş-çalyş saparlaryny guramak we sanly ulgam arkaly sapak geçirmek ýaly teklipler bilen ylalaşdylar.