img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

246

...

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň eserlerinde parahatçylyk we ruhy we ahlak gymmatlyklary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berildi.

Forum garyşyk görnüşde geçirilip, oňa türkmen ýokary okuw mekdepleriniň we Russiýa, Türkiýe, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Eýran ýaly birnäçe daşary ýurtlardan diplomatik akademiýalaryň we merkezleriň wekilleri gatnaşdylar.

Daşary ýurtly wekilleriň çykyşlary türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlandy. Çykyşlarda şahyryň häzirki wagta çenli paýhas we ahlak çeşmesi bolup gelýän eserleriniň ähmiýeti, ol eserleriň dünýäniň dürli künjeklerinde gyzgyn garşylanandygy nygtaldy.

Umumy mejlisden soň maslahat Magtymguly Pyragynyň pelsepewi garaýyşlaryna we dünýä medeniýetine goşan goşandyna bagyşlanan bölümçelerde işini dowam etdirdi. Olara gatnaşanlar bu çäräniň öz halkyna we agzybirlik ýörelgelerine hyzmat eden beýik türkmen şahyrynyň mirasynyň mundan beýläk-de öwrenilmegine we wagyz edilmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.

Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylaryň hemmesine Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan «Magtymgulynyň umumadamzat ähmiýetli parahatçylyk doktrinasy we döwrebaplygyň möhüm mysallary» atly ylmy makalalar ýygyndysy gowşuryldy.