img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Halk döredijiliginde dilimiziň baýlygy

146

...

Halk döredijilik eserleri diliniň şirinligi, many-mazmunynyň baýlygy bilen tapawutlanýar. Çünki halkymyz asyrlaryň dowamynda bu eserleri kämilleşdirip gelipdir. Şonuň üçin hem bu eserler täze-täze pikirler bilen baýlaşypdyr, netijede, kämilligiň nusgasyna öwrülipdir. Türkmen diliniň gadymdan gelýän baý sözlük düzümi bar. Bu söz baýlyklaryny öwrenmek we geljek nesillere mynasyp geçirmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyz bolup durýar. Biziň dilimiziň gadymylygy ýazuw ýadygärliklerimizde, dilden dile geçip gelen halk döredijiligimizde özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Bu eserlerde ene dilimiziň söz baýlygyny görmek bolýar. Esasan hem, nakyllarda şeýle baý mazmunly sözlerimiz bar.

Nesil terbiýesinde hem halk döredijiliginiň uly orny bardyr. Şu babatda nakyllara uly orun degişlidir, çünki nakyllar diliň baýlygyny hem özünde saklaýar. Nakyllar nesil terbiýesinde paýhasyň gymmatly hazynasydyr. Şeýle hem nakyllar nesillere dil baýlyklaryny öwretmekde bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr, çünki sözüň üsti bilen dilimiziň baýlyklary nesillerimiziň aňyna siňdirilýär. Bu hem pähimdar pederlerimiziň paýhasly ýörelgeleriniň biri bolup durýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda nakyllary we nusgawy edebiýatymyzy öwrenmek asylly ýörelgä öwrüldi. Nakyllarda dilimiziň baýlyklary, gadymy manysy, semantikasy öz beýanyny tapýar. Bu hem ýaş nesilleriň dilimizi çuňňur öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny artdyrýar, olaryň dünýägaraýyşlarynyň ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şunda ýaşlara gadymy çeşmeler, milli gymmatlyklarymyz hakynda hem düşünje bermek bolar. Bularyň her biri ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde möhüm ähmiýetlidir. Şu nukdaýnazardan, milli ýörelgelere, gadymdan gelýän mirasymyza uly üns berýäris. Häzirki ajaýyp döwrümizde bu gymmatlyklara uly sarpa goýulýar.

Selbi MURADOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara

nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

«Mugallymlar gazeti»,

25.09.2024. № 78.

Çeşmesi: Turkmenmetbugat