img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Gyrgyzystan GDA-da ilkinji bolup ýangyjy belgilemegiň döwlet ulgamyny girizdi

43

...

Gyrgyzystan GDA-da ilkinji ýurt bolup ýangyjy belgilemegiň döwlet ulgamyny girizýär. 

Şeýlelikde, şu ýylyň 1-nji oktýabryndan başlap ähli ýangyçlar: motor, ýörite, ýeňil we orta distillýatlar, beýleki ýangyçlar we dizel ýangyçlary hökmany belgilemä degişli edilýär. 

“Uçkun” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýangyjy belgilemek ulgamyny ornaşdyrmak boýunça döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň döwlet operatory hökmünde bellenildi.

Bu çözgüt Gyrgyzystanda ýangyç-ýaglaýjy materiallaryň doly kanuny aýlanyşygyny hem-de ýangyç bazarynyň

açyklygyny üpjün etmegine gönükdirilen. Bu işewürlik üçin şert döredip, Gyrgyzystanyň ykdysadyýetini pugtalandyrar. 

“Belgileme salgyt tölegleriniň ýokarlandyrylmagyny ýa-da täze salgytlaryň girizilmegini göz öňünde tutmaýar. Maksatnama ähli bazara gatnaşyjylar üçin deň şertleri döreder, bu bolsa ynsapsyz bäsdeşligi aradan aýyrar hem-de arassa işewürlik gurşawyny üpjün eder, netijede arassa işewürligi alyp barýanlar peýda görerler” – diýip, habarda bellenilýär. 

Guramada bellenilişi ýaly, ulanylýan molekulýar marker halkara standatrlar bilen şahadatlandyrylan hem-de ýangyç we daşky gurşaw üçin howpsuz hasaplanylýar. Marker hiliniň şahadatnamalary garaşsyz halkara kompaniýa tarapyndan berilip, onuň dünýä standratlaryna laýyklylygyny tassyklaýar. 

Molekulýar markeri ulanmak bilen ýangyjy belgilemegiň maksatnamasy halkara bilermenler bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Bu marker ýangyjyň molekulýar düzümine aralaşyp, ýuwma garşy durnuklydyr, bu bolsa ýörite enjamlaryň kömegi bilen ýangyjyň ygtybarly identifikasiýasyny üpjün etmäge ýardam berýär. 

Häzirki wagtda “Uçkun” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Gyrgyzystanyň tutuş çäginde ýangyjy belgilemegi üpjün etmäge taýýar. Mundan başga-da, halkara kompaniýanyň hünärmenleri tarapyndan Nebit bazalarynda we nebiti gaýtadan işledýän zolaklarda işleri alyp barmagyň howpsuzlyk tehnikasy boýunça “Uçkun” APJ-niň hünärmenleri bilen okuw we amaly sapaklary geçirdiler. Ýangyjy belgilemek boýunça operatorlaryň marker bilen işlemegiň degişli iş tejribeleri we şahadatlandyrmalary bar.