2831
Ahal welaýatyndan we Aşgabat şäherinden ýurduň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlaýan uçurymlary Arkadag şäherine işe ýollamak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgünnamasyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 3-nji fewralynda çykaran 1113-nji Karary bilen tassyklanan Orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Amannepesowyň hasabatynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesli kemala getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Arkadag şäherine döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýynyň berilmegi bilen, şäheriň edaralarynyň, guramalarynyň we kärhanalarynyň öňünde goýlan wezipeleri ýokary hilli amal etmek, işgärler köpçüliginiň üstüni yzygiderli ýetirmek maksady bilen, Ahal welaýatyndan we Aşgabat şäherinden ýurduň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlaýan uçurymlary Arkadag şäherine işe ýollamak göz öňünde tutulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet tarapyndan Garaşsyz Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine mynasyp goşant goşjak ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli şertleriň geljekde-de dörediljekdigini belläp, agzalan Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.
Takmynan, 70 müň çemesi adamyň ýaşajak Arkadag şäheri ýurduň paýtagtyndan 30 kilometr günorta-günbatarda 950 gektar meýdanda gurulýar. Bu ýerde smartfonlar arkaly dolandyryljak «akylly» ýaşaýyş jaýlary, baýdak meýdançasy, häkimligiň binasy we beýleki edara binalary guruldy.
Bu mega-taslamanyň gurluşygy 2019-njy ýylda başlandy.
2023-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň täze Kanuny güýje girip, oňa laýyklykda Arkadag şäherine döwlet ähmiýetli şäher diýen ýörite hukuk statusy berildi.
Şäheriň açylyş dabarasy 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda bolar.