133
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe röwşen geljegimiz bolan ýaş nesillerimize döwrebap bilim we terbiýe bermek, olaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny ösdürmek, gözýetimlerini giňeltmek we olary hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen şahsyýet hökmünde kemala getirmek babatda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Gündogaryň beýik akyldary we nusgalyk şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry 2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi.
Türkmenistanyň Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň guramagynda bäsleşigiň etrap, şäher we welaýat tapgyrlary guramaçylykly geçirilip, olara 1011 çagadan ybarat, jemi 64 sany Döredijilik toparlary hem-de ýaş aýdymçy çagalar gatnaşdylar. döredijilik bäsleşigiň tapgyrlarynda eziz Watanymyzy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlary ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde tapawutlanan aýdymçy çagalaryň 21-si, çagalar tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň 13-si saýlanylyp alyndy hem-de jemi 361 çaga döwlet tapgyryna gatnaşyp, ýokary derejede öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Çagalar, döredijilik bäsleşiginiň jemleýji konsertine ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda: «Siziň juwan kalbyňyzdan joşup çykýan ajaýyp sungat eserleriňizde eziz Watanymyz, Garaşsyzlygymyz hem-de Bitaraplygymyz, berkararlygymyz we bagtyýarlygymyz, beýik döwrümiz, gözel tebigatymyz, milli ýörelgelerimiz joşgunly wasp edilýär, ýüreklerimize egsilmez şatlyk, joşgun paýlaýar, belent maksatlara tarap barýan ýolumyzda bizi mäkäm jebisleşdirýär» diýlip, aýratyn bellenilýär. Sungat äleminiň ýaşajyk ýyldyzlarynyň joşgunly aýdym-sazlary eziz Diýarymyza, mähriban halkymyza, ajaýyp tebigatymyza, milli sungatymyza beýik buýsanjyň hem-de wepalylygyň beýanydyr. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň uzak wagtlap sabyrsyzlyk bilen garaşan tolgundyryjy pursady joşgunly konserte öwrüldi. Diňe iň zehinli ýerine ýetirijiler - jemleýji tapgyra gatnaşyjylar şu gün bu ajaýyp sahnada çykyş etmäge we arzyly arzuwlaryna tarap gadam urmaga mümkinçilik aldylar.
Ýaşajyk artistler joşgunly owazlary bilen eziz Watanymyzy, onuň geçmişini we ajaýyp şu gününi, zähmetsöýer halkyny, türkmen topragynyň gözel tebigatyny wasp etdiler. Aýdymlar we tanslar wideoşekiller bilen utgaşyp, sahnada ýaşajyk türkmenistanlylara bagtyýar çagalygy bagyş edýän beýik döwletiň keşbi janlandy. Dabara gatnaşyjylar öz zehinleri we täsin döredijilik ylhamy bilen köp öwüşginli baýramçylyk ýagdaýyny emele getirdiler.
Dabarada ýaşlaryň ukyp-başarnyklarynyň dürli ugurlaryny açyp görkezýän aýdym-sazlar bilen bir hatarda, milli aýdym-saz medeniýetimiziň köp öwüşginliligini açyp görkezýän dürli eserler girizildi. Bu konsert ösüp gelýän ýaş nesliň zehininiň çäksizdigini ýene bir gezek subut etdi. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisi hem-de köp sanly tomaşaçylar tarapyndan bilelikde ýerine ýetirilen «Biz Watanyň merjen dänesi» atly aýdym dabaranyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.
Emin agzalary bäsleşige gatnaşyjylaryň iň zehinlilerini saýlap aldylar. Tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalarynyň astynda:
Aşgabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Arslan Maksadowiç Igliýew;
Arkadag şäherindäki iňlis diline ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Perhat Maksadowiç Babaýew;
Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 26-njy orta 7-nji synp okuwçysy Ogulşat Batyrowna Begpolodowa;
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 4-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Aýhan Serdarowiç Serdarow;
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndaky 59-njy orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Gülzada Meýlisowna Ataýewa;
Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Merjen Ýoldaşowna Abaýewa;
Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Eziz Batyrowiç Ýazgeldiýew bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi.
Ýeňiji bolan sungatyň ýaş wekillerine diplomlar hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan noutbuklar, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy baradaky ýadawsyz aladasy üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de yhlasly okajakdyklaryna, döredijilik bilen yzygiderli meşgullanjakdyklaryna, zehinlerini artdyryp, Watanymyzyň abraýyna abraý goşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Şemiýew Serdar
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni