412
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 29-njy dekabryndaky Karary bilen «Garabogaz» gümrük nokadynyň durkuny täzelemek işi 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda başlaýar. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web sahypasynda aýdylyşyna görä, şu Karar bilen, bu gümrük nokady üçin awtoulag serişdelerini barlaýan rentgen barlag enjamy hem satyn alynýar we gurnalýar.
Habarda bellenilişi ýaly, gümrük nokadynyň durkuny täzelemek bilen bagly taslamanyň maksady gümrük nokadynyň çägini giňeltmäge, ony täzeden enjamlaşdyrmaga we geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Gurluşyk işlerini 2024-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.
«Garabogaz» gümrük nokady Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen araçäkleşýän serhedinde ýerleşýär. Gümrük statistikasynyň görkezýän maglumatlaryna görä, soňky döwürde bu nokadyň üsti bilen geçýän ýükleriň, şol sanda üstaşyr geçýänleriň sany birsyhly artýar diýlip, habarda bellenilýär.
«Garabogaz» gümrük nokadynyň infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy bu ýerden geçirilýän ýükleriň gümrük taýdan resmileşdirmek işleri üçin wagty azaltmaga, şunuň bilen birlikde haryt akymlarynyň möçberini artdyrmaga, şeýle hem bu ýerde ornaşdyryljak enjam arkaly ýurduň çägine getirilýän harytlaryň hilini ýokary takyklyk bilen barlamaga ýardam eder diýlip garaşylýar.