234
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mejlisler zalynda 15 — 20-nji aprel aralygynda Aşgabatda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan ýurdumyzyň “Galkan” hokkeý toparynyň türgenlerini we tälimçilerini sylaglamak dabarasy boldy. Çärä Içeri işler ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň, Milli olimpiýa we paralimpiýa komitetleriniň, sport federasiýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, türgenler, tälimçiler, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Gyşky oýunlar sport toplumynda Bahreýniň, Belarusuň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň hokkeý toparlary baş baýrak ugrunda bäsleşdiler. Ýaryşyň deslapky tapgyrynda oňa gatnaşyjylar iki topara bölündi, toparlarda ýeňiji bolanlar finala çykdylar. Ikinji orny eýelän toparlar bolsa bürünç medal ugrunda bäsleşdiler.
Şunda biziň hokkeýçilerimiziň bu halkara ýaryşda örän ynamly çykyş edendigini bellemek gerek. Ýaryşyň ilkinji gününde Türkmenistanyň sekiz gezek çempiony “Galkan” topary Bahreýniň hokkeý toparyndan mese-mälim artykmaçlyk bilen üstün çykmagy başardy. Final duşuşykda “Galkan” (Türkmenistan) we “Adihis-Kazan” (RF-niň Tatarystan Respublikasy) toparlary oýna ýokary depginde başladylar. Ýurdumyzyň hokkeý topary soňky minutlara çenli ussatlygyny görkezdi we garşydaşynyň hüjümlerine döz gelip, ony 4:2 hasabynda öz peýdasyna tamamlady.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň “Galkan” hokkeý topary ýaryşyň ýeňijisi boldy. “Adihis-Kazan” (RF-niň Tatarystan Respublikasy) kümüş, “Wolat” (Belarus) topary bolsa bürünç medala mynasyp boldy.
Bu ýaryş ýurdumyzda hokkeý sportunyň ösüşinde täze sahypany açdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sporta berýän aýratyn ünsi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabatda we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap sport toplumlarynyň gurulmagy netijesinde türkmen hokkeýi öz ösüşinde ägirt uly ädim ätdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça milli sportumyzyň dünýä derejesine çykarylmagy, türgenlerimiziň ýokary netijeleri gazanmagy, Türkmenistanyň iri sport döwleti hökmünde ykrar edilmegi üçin yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Diýarymyzda guralýan giň gerimli sport çäreleri, türgenlerimiziň abraýly halkara ýaryşlardaky ýeňişleri bu ugurdaky özgertmeleriň üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär.
Däp boýunça geçirilýän sylaglamak dabaralary hem türgenleriň ýurdumyzda sporty ösdürmäge, Watanymyzyň halkara sport giňişligindäki abraýyny belende galdyrmaga goşýan ägirt uly goşantlarynyň ykrarnamasydyr.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Galkan” hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň döwrebap Gyşky oýunlar sport toplumynda ýokary derejede geçirilmeginiň ýurdumyzyň dürli iri sport ýaryşlary bilen birlikde, sportuň gyşky görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary geçirmäge hem ukyply döwletdigini dünýä ýüzüne ýene-de bir gezek äşgär edendigi bellenilýär. Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzda ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilen bu iri ýaryşyň Türkmenistanyň halkara sport abraýyny has-da belende göterjekdigine, şeýle hem sportuň hokkeý görnüşiniň ösmegine uly goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabatda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşda baýrakly orny eýelän “Galkan” hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine hormatly atlary dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany okaldy.
Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda türgenlere diplomlar hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Ýeňijileriň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.
Çykyş edenler milli hokkeýimiziň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň möhüm ähmiýetini nygtap, şu gezekki iri ýaryşyň dünýäniň dürli döwletleriniň wekillerini bir ýere jemlän sport baýramçylygyna öwrülendigini bellediler. Bu ýaryş ýurdumyzyň sport durmuşynda şanly waka bolup, Türkmenistanyň bu ugurdaky kuwwatyny, sport boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmäge çalyşýandygyny dünýä äşgär etdi.
Sylaglananlar türgenleriň üstünliklerine berlen ýokary baha, ýurdumyzda sport bilen meşgullanmaga döredilýän amatly şertler üçin hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirip, döwlet Baştutanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde milli sportumyzyň hil taýdan täze derejelere çykarylandygyny nygtadylar. Türgenler we olaryň tälimçileri Watanymyzyň sport abraýyny mundan beýläk-de belende galdyrmak, halkara giňişlikde türkmen sportuna mynasyp wekilçilik etmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Ýadygärlik surata düşülenden soňra, Içeri işler ministrliginiň döredijilik toparlarynyň, ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert guraldy.
Sport diňe bir rekordlar ýa medallar bolman, eýsem, ägirt uly jebisleşdiriji güýç bolup, ol medeniýet, ykdysadyýet, diplomatiýa bilen berk baglanyşyklydyr. Aşgabatda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş hem Türkmenistanyň sport döwletleriniň hataryndaky ornuny pugtalandyrar we ýurdumyzda ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.