img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wekiliýet Baştutanlarynyň «ŞHG+» görnüşindäki duşuşyga gatnaşýar

111

...

Şu gün Astanada iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitiniň çäklerinde geçirilýän wekiliýet Baştutanlarynyň «ŞHG+» görnüşindäki duşuşyga gatnaşýar. 

Sammite gatnaşmak üçin Astana ŞHG-niň agza döwletleriň hem-de bu Guramanyň synçylaryň we dialog boýunça hyzmatdaşlaryň derejesine eýe bolan ýurtlaryň ýolbaşçylary geldiler. Şeýle hem foruma halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary, şol sanda BMG-niň Baş sekretary çagyryldy. 

ŞHG-niň hemişelik esasda hereket edýän hökümetara halkara guramasydygyny ýatladýarys. Onuň işiniň esasy wezipeleri sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmakdan häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine  garşy göreşmek maksady bilen tagallalary birleşdirmekden syýasy ulgamda oňyn dialogy, netijeli söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Şu ýyl ŞHG-de Gazagystan Respublikasy başlyklyk edýär.