325
Anadoly topraklarynda gadymy siwilizasiýalar uzak wagtlap ýaşapdyr, şonuň üçin bu ýerdäki köp sanly taryhy we binagärlik ýadygärlikleri häzirki zaman jahankeşdelerini haýran galdyrýar.
Bularyň arasynda geçen ýylda «Orta asyr Anadoly agaç sütünli metjitleri» ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda giren ýigrimi birinji türk gymmatlygydyr. Bular XIII asyryň ahyryndan XIV asyryň ortalaryna çenli Anadolyda gurlan ilkinji türk-yslam däp-dessurlaryndaky binagärlik eserili hasaplanýar.
Adaty bolmadyk orta asyr metjitlerinde agaç içerki sütünler (gipostil görnüşi) we döwrüň estetiki ideýalaryna laýyk gelýän bezeg ýaly aýratynlyklar bar. Anadolydaky bir-birsine meňzemeýän bäş şäherindäki bu ajaýyp desgalar we sebitdäki beýleki täsin ýerler barada has giňişleýin maglumat alyň.
Konýa: Beýşehir Eşrefoglu metjidi
Konýadaky Beýşehir Eşrefoglu metjidinden başlalyň. XII we XIII asyrlarda Konýa Seljukly soltanlygynyň paýtagtydy we şol döwürlerden miras galan köp sanly ýadygärlikleri henizem şäherde görmek bolýar. Olaryň arasynda Anadolynyň iň uly agaç binasy 1296–1299-njy ýyllarda gurlan Beýşehir Eşrefoglu metjidi Seljuk agaç we daş ussalarynyň ajaýyp işini görkezmek bilen, daş, kerpiç we reňkli plitalary ulanylyp, dürli bezeg sungatlaryny özünde birleşdirýän ýeke-täk ymaratdyr.
Görmeli ýerler: Dünýäniň iň gadymy neolit şäherçelerinden biri we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna giren Çatalhöýük. Ýakynda açylan Çatalhöýük syýahatçylyk maglumat merkezi myhmanlara bu meşhur ýerleriň taryhy bilen interaktiw syýahat etmäge mümkinçilik berýär.
Nämeler dadyp görmeli: ownuk et garylyp taýýarlanan ýakymly ysly meşhur ýerli etli çörek.
Afyonkarahisar: Uly metjidi
Geliň, Konýanyň gapdalynda, Afyonkarahisara geçeliň. Frigiýalylardan Osmanlylara çenli dürli siwilizasiýalaryň ýaşaýan bu taryhy şäherdäki iň ulusy bolan Uly (beýik) metjidi hem Seljuklar tarapyndan gurlupdyr. Biziň döwrümizde gaýtadan dikeldilen, ýöne başky görnüşini saklap gelýän bu bina Seljuk binagärliginiň we agaç ussalygynyň ajaýyp nusgasy bolup hyzmat edýär. Bina bäş hatarda duran sütünleriň sany sebäpli «kyrk sütüniň metjidi» diýlip hem atlandyrylýar.
Görmeli ýerler: Afýonda dag Frigiýa sebitine baryp bilersiňiz, bu ýerde gaýa bölekleri we gadymy harabalyklar Frigiýalylaryň durmuşyny ýada salýar. Üç müň ýyllyk taryha nazar aýlap bolýandygy üçin 2015-nji ýylda bu sebit ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Nämeler dadyp görmeli: Ajaýyp aşhanasy üçin ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherler ulgamynyň bir bölegi, lokum, sujuk we kaymak bilen meşhurdyr.
Eskisehir: Siwrihisar Uly metjidi
Eskisehir taryhy we häzirki zaman taraplary bilen haýran galdyrýan şäherdir. Eskisehirdäki Siwrihisar Uly metjidi Anadolydaky iň uly agaç sütün metjitlerinden biridir. Metjidiň 67 sütüniniň käbiri oýulypdyr, beýlekisinde Wizantiýa döwrüniň paýtagtlary bar. Mundan başga-da, binagärlik taýdan owadanlaryndan biri hasaplanýan metjit hoz agajyndan ýasalan minbar bilen meşhurdyr.
Görmeli ýerler: Ýazlykaýa sebitindäki Han etrabynda patyşa antik döwründe ýaşap geçen Midasyň ýadygärligi bar. Rowaýata görä, eli degen zatlarynyň hemmesini altyna öwüren meşhur patyşa Midas şu ýerde ýaşapdyr.
Nämeler dadyp görmeli: Eskişeher gadymdan Anadolynyň desterhany hasaplanýar. Bu ýerde örän tagamly etli içbörekler taýýarlanýar.
Ankara: Ahi Serafeddin metjidi (Arslanhane)
Ankaradaky Ahi Serafeddin metjidi, Eskisehirden gyssagly otly bilen bir ýarym sagat uzaklykda, sada görnüşine garamazdan binagärlik täsinligi. Seljuk döwrüniň gurluşy, mazaryň diwaryndaky gadymy mermer heýkeltaraşlygy sebäpli Arslanhan (Arslan öýi) diýlip hem atlandyrylýar.
Görmeli ýerler: ÝUNESKO-nyň medeni sanawynda 20-nji türk medeni miras mekany bolan Gordion şäherine baryp görüň. Bäş müň ýyllyk taryhy bolan Tutulmuş gowaklary.
Nämeler dadyp görmeli: Türkiýäniň paýtagtynda Ankara simidi, dener we Çubuk turşusuny (duzlanan hyýar) dadyp görüň.
Kastamonu: Kasaba obasyndaky Mahmud Beý metjidi
Anadoly agaç metjitlerine syýahatymyzyň iň soňky duralgasy Kastamonuda ýerleşýän Kasaba obasyndaky Mahmud Beý metjidi. Jandarogullar beylik döwründe gurlan metjit «bir çüýsüz gurlan» diýlip atlandyrylýar, sebäbi ýekeje çüý ulanylman, özboluşly örtük tehnologiýasy arkaly guruldyr. Binanyň iň ajaýyp aýratynlyklaryndan biri ajaýyp täç derwezesi, hakyky sungat eseri. Bütin Türkiýede şuňa meňzeş ýadygärlikler gaty az bolansoň, derwezäniň ýapraklary Kastamonu etnografik muzeýinde saklanýar. Metjide baryp göreniňizden soň, bu sergini görmek we Kastamonu medeniýeti barada has giňişleýin öwrenmek üçin muzeýe baryň.
Görmeli ýerler: XIX asyryň ahyrynda we 20-nji asyryň birinji ýarymynda gurlan Kastamonunyň taryhy köşklerine, şeýle hem şäheriň ähli arheologiki baýlyklarynyň görkezilen arheologiki muzeýine baryp bilersiňiz.
Nämeler dadyp görmeli: Simit tiridi synap görmän gitmäň. Bu tagam künji tohumy bolmazdan guradylan simit böleklerinden ýasalýar, süňk çorbasynda we sarymsak gatygy bilen äberilýär.