img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

«FLEX» MAKSATNAMASYNYŇ BAŞLAJAK SENESI MÄLIM EDILDI

322

...

Halkara bilim boýunça Amerikan geňeşlikleri ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin «FLEX» maksatnamasynyň 2023-nji ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi barada habar berdi.

Bäsleşigiň ýeňijileri 2024-2025-nji okuw ýylynyň dowamynda kabul edýän amerikan maşgalalarynda ýaşamaga we ABŞ-nyň orta mekdeplerinde okamaga mümkinçilik alarlar. Gitmek-gelmek we ABŞ-da ýaşamak bilen bagly bolan ähli harajatlary ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýän «FLEX» maksatnamasy dolulygyna öz üstüne alýar. Fiziki mümkinçiligi çäklendirilen okuwçylar hem bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar. «FLEX» maksatnamasyna 300-den gowrak fiziki mümkinçiligi çäklendirilen okuwçy gatnaşdy we olaryň alty sanysy Türkmenistanyň raýatydyr.

«FLEX» maksatnamasy aşakdaky talaplara laýyk gelýän ähli okuwçylar üçin açykdyr:

2006-njy ýylyň mart aýynyň 15-den 2008-nji ýylyň maý aýynyň 31-i aralygynda doglan okuwçylar gatnaşyp bilýärler. (11-nji synpda okaýan, harby gulluga gitmeli okuwçylar maksatnama gatnaşyp bilmeýärler).

Häzirki wagtda mekdepde okaýan we mekdep ýetişigi gowy bolan okuwçylar;

Iňlis dilini gowy bilýän;

ABŞ-nyň wizasyny almak üçin talaplara laýyk gelýan;

Türkmenistanyň raýaty bolan okuwçylar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren okuwçylar synaglara hökmany ýagdaýda mekdep lybasynda, ýany bilen hökmany ýagdaýda dogluş hakyndaky şahadatanamasynyň asyl nusgasyny ýa-da pasportyny, ýakynda düşülen 3×4 ölçegli bir fotosuratyny alyp gelmeli.

Öz şäherinde «FLEX» maksatnamasyna gatnaşyp bilmedik okuwçylar Aşgabat şäherinde geçiriljek «FLEX» maksatnamasynyň 1-nji tapgyryna gatnaşyp bilerler, ýöne bäsleşigiň 1-nji tapgyryna ýylda bir gezek gatnaşmaklyga rugsat edilýär.

Goşmaça maglumat üçin habarlaşyp bilersiňiz:

Tel: (+99312) 36-90-16; (+99363) 50-20-36;

E.mail: flex.tm@americancouncils.org;

Websahypa: https://americancouncilstm.org/flex/