307
2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Bangkok şäherinde geçirilýän Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň «BMG-niň Aral deňziniň sebiti boýunça Ýörite maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Karanamasy boýunça ugurdaş çäre geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Agzalan çärä BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň (ESCAP) Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiah Alisjahbana, Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň ESCAP-nyň ýanyndaky wekilleri we Komissiýanyň bilermenleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Aral deňziniň meseleleri we onuň ýetirýän zyýanly täsirlerini gowşatmak, şeýle hem Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna ýardam etmek boýunça Hereketleriň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanda döwlet derejesinde alnyp barylýan anyk işler boýunça prezentasiýa bilen çykyş etdi.