img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Dünýäni aýlaýan 4 teker: 10 sany iň özboluşly awtoulag muzeýi

240

...

Awtoulaglar — bu diňe bir ulag serişdesi hem däl-de, eýsem, taryh, medeniýet, dizaýn we inženerçilik pikiri. Bu atmosfera doly girip, awtoulag pudagynyň ösüşini yzarlap hem-de rowaýata öwrülen awtoulaglary görmek üçin adamzat jemgyýeti dünýäde birnäçe awtoulag muzeýlerini döretdi.

«Volkswagen» awtogrady. Bu ýer «Volkswagen»-iň esasy zawodynyň ýerleşýän ýerinde, Germaniýanyň Wolfsburg şäheriniň ýüreginde hakyky «awtograd» ýerleşip, ol meşhur brendiň awtoulag dünýäsine bagyşlanan seýilgähdir.

25 gektar meýdanda restoranlar, muzeýler, dynç alyş merkezi hem-de awtoulag öndürijisiniň direktorlar geňeşiniň baş edarasy ýerleşýär. Toplumyň esasy binalary 20 gatly ekiz diňler bolup, her gatda täze, eýýäm satyn alnan awtoulaglar ýerleşdirilip, olaryň her biri eýesiniň isleglerine doly laýyk gelýän görnüşde taýýarlanylandyr.

Pitersen awtoulag muzeýi Los Anjelesde ýerleşýär. 1994-nji ýylda döredilen bu ýerde dünýäde iň giň awtoulag kolleksiýalarynyň biri bar.

Gadymy, seýrek gabat gelýän ulaglardan başlap häzirki zaman superkarlaryna çenli bolan 150 sany ulag modeli awtoulag pudagynyň ösüşi barada täsin taryhy gürrüň berip dur. Birinji gatda aýlanyp ýören mahalyňyz bu ýerde awtoulag pudagynyň dörän döwrüniň atmosferasyna girersiňiz, ilkinji synaglary, tejribeleri görersiňiz we ilkinji başlangyçlaryň ruhuny duýarsyňyz.

Ikinji gat Golliwud ýyldyzlaryna we olaryň kaşaň awtoulaglaryna bagyşlanýar. Bu ýerde Betmeniň şahsy awtoulagyny, «Beýik ýaryş»-yň rowaýata öwrülen awtoulaglaryny we awtoulag baradaky meşhur kinolaryň beýleki nyşanlaryny görüp bilersiňiz.

Kiçi ýaşly myhmanlar üçin bolsa bu ýeriň üçünji gatynda çagalaryň ulaglarynyň modelleri garaşýar.

Ştutgartdaky (Germaniýa) Mersedes-Benz muzeýi. Spiral görnüşindäki futuristik bina 9 gata çenli uzaýar.

Esasy girelgede sizi diňe bir eksponat däl, eýsem özboluşly bir rowaýaty eser — rulunda ýaryşlaryň beýik sürüjisi Huan Manuel Fanhionyň bürünç keşpde dolandyryp oturan Mersedes-Benz W196 ýaryş awtoulagy garşy alýar. Bu awtoulagy «Kümüş ok» diýip hem atlandytrýarlar.

Adaty däl görünse-de, bu ýerde muzeýe gezelenç 9-njy gatdan başlanýar. Muzeýiň 1500-den gowrak eksponaty bolan baý kolleksiýasynda diňe bir awtoulaglar we ýük awtoulaglary däl, eýsem motosikller, awtobuslar we hatda ýörite enjamlar hem bar.

Bowling Grin şäherindäki (ABŞ) «Chevrolet Corvette» milli muzeýi täjirçilik maksatly däl-de, eýsem Amerikanyň iň meşhur awtoulaglarynyň biriniň taryhyny şöhratlandyrmak we goramak üçin döredildi, dünýäniň dürli künjeklerinden Korwetiň muşdaklary üçin hakyky sungat öýüne öwrüldi.

Muzeý toplumynyň bu meşhur awtoulaglaryň öndürilen ýeke-täk zawodyndan köçäniň aňyrsynda ýerleşmegi tötänden däldir. Bu ýerde «Corvette»-iň ewolýusiýasyny 1953-nji ýylda çykan ilkinji modelden şu günki superkarlara çenli yzarlap bilersiňiz.

Tokio şäherindäki «Toyota Mega Web» muzeýi. Bu ýerdäki alty sergi meýdançasynda ähli ululykdaky we ýaşdaky ýüzlerçe «Toyota» ulaglarynyň modelleri görkezilýär.

Toplumyň esasy merkezi — brendiň bar bolan we geljekdäki modellerini görüp boljak «Toyota City Showcase». Onuň gapdalynda iň meşhur zallaryň biri — Ride One ýerleşip, bu ýerde her kim iň täze modeliň kaşaň awtoulagyna münüp aýlanyp bilýär. Üç pawilýondan ybarat, uzak bolmadyk, ýöne tolgundyryjy 1,3 kilometrlik ýol ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar.

Breşýadaky (Italiýa) «Mille Milýa» awtoulag muzeýi. Bu özboluşly muzeý 1927 — 1957-nji ýyllar aralygynda Italiýada bolup geçen çydamlylyk ýaryşyna bagyşlanýar. Keramatly Eufemiýanyň öňki monastyrynyň taryhy daş otaglarynda ýerleşýän bu muzeý sizi gyzykly ýaryşyň taryhy pursatlaryna syýahat etmäge çagyrýar.

Muzeýiň zallary diwarlaryň boýunda hronologiki tertipde 30-a golaý täsin awtoulag ýerleşdirilen uzyn enfilade ýörelgesinde gurlupdyr. Bu awtoulag paradyndan geçip, bir wagtlar Italiýanyň ýollarynda ajaýyp tizlikde daz beren 20, 30, 40 we 50-nji ýyllaryň rowaýaty ulaglarynyň taryhyny görüp bilersiňiz.

Saut Benddäki (ABŞ) «Studebaker» milli muzeýi. Muzeý myhmanlary «Studebaker» brendiniň baý taryhy bilen tanyşdyrýar hem-de 120 eksponatdan ybarat bolan täsirli ýygyndyny görkezýär.

Birinji gatda kompaniýanyň irki döredijilik başlangyç taslamalary görkezilýär: 1852-nji ýyldan bäri öndürilen arabalardan we awtoulaglardan başlap, 20-nji asyryň başlaryna çenli döredilen awtoulaglara çenli ulag taryhyna şaýat bolmak bolýar. Ikinji gat «Studebaker»-iň altyn asyryna bagyşlanyp, 1934-nji ýyldan bäri öndürilen modelleri, şol sanda 50-nji ýyllaryň meşhur «burunly» awtoulaglaryny öz içine alýar. Indiki gatda bolsa «Studebaker» brendiniň harby enjamlarynyň sergisi guralan.

Kolleksiýanyň gymmat bahaly merjenleriniň arasynda dört sany prezident ekipažy, ilkinji we iň soňky «Studebaker» hem-de «Packard» awtoulaglary, konsept awtoulaglary bar. Şeýle hem 1902-nji ýylyň wagtdan ozduran elektrik awtoulagy tanyşdyrylýar.

Genri Forduň Detroýtdaky muzeýi (ABŞ). 1929-njy ýylda Genri Forduň özi tarapyndan döredilen bu muzeý toplumy 18 gektardan gowrak meýdany eýeleýär.

1906-njy ýylda toplanyp başlanan Genri Ford muzeý kolleksiýasynda häzirki wagtda köp sanly tomaşaçy üçin gyzykly eksponatlar ýerleşýär.

Muzeýe aýlanyp görenler awtoulaglaryň, ýük awtoulaglarynyň, oba hojalyk tehnikalarynyň, hereketlendirijileriň, uçarlaryň, otlularyň, motosiklleriň we ş.m. ulaglaryň onlarça modelini görüp bilerler.

Jon Kennediniň 1961-nji ýyldaky atylan «Linkoln Continental» prezident limuzini hem sergide aýratyn orun eýeleýär.

Modenadaky Ferrari muzeýi (Italiýa). Sergi meýdançasy 6 zala bölünýär, olaryň her biri rowaýata öwrülen bu brendiň taryhyndaky sahypalara bagyşlanýar: Bäsleşik zaly, Şanly zal, Konseptual zal, Uly gezelenç zaly, kinoteatr we wagtlaýyn sergiler zaly.

Eksponatlaryň arasynda sergi awtoulaglary, täsin awtoulaglar, güýçli hereketlendirijiler, gyzgalaňly ýaryşlaryň hakydasyna öwrülen tigirler, kartinalarda we suratlarda saklanan gymmatly kuboklar hem bu ýere gözellik berýär.

Bu ýere gelýänler her porşeni, klapany we dykyzlygy gözden geçirip, sözüň göni manysynda bu demir atlaryň «içine seredip» bilerler.

Muzeýde iň täze modeller, önümçilik hataryndan täze we geçen asyryň ortalarynda ýollarda şöhle saçan seýrek ýaryş awtoulaglary hem görkezilýär.

Mýunhende (Germaniýa) ýerleşýän «BMW dünýäsi» muzeýi we köpugurly sergi merkezi meşhur awtoulag öndürijisiniň taryhyna we täzeliklerine bagyşlanýar.

2000-nji ýyllaryň başynda Awstriýa býurosy Coop Himmelb(l)au-nyň dizaýnyna laýyklykda gurlan «BMW dünýäsi» ilkinji göreniňde haýrana goýýar. Binanyň dinamiki, tertipli görnüşi howada ýüzýän ýaly bolup, BMW-niň tizlige we kämillige ygrarlydygyny görkezýär.