78
Şu gün, Hatyra gününde 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlar hatyralanylýar.
“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Edermen Watan goragçylaryny hem-de tebigy betbagtçylykda pida bolanlary hatyralamak däbi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ynsanperwerlik ýörelgeleriniň möhüm bölegidir. Olary hormat-sarpa bilen ýatlamak halkymyzyň gahrymançylykly ýoluny häzirki nesillerimize ýetirmekde örän ähmiýetlidir.
Hatyralamak çäreleri paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi.
Paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen şu günki hatyralamak çäresi ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşany boldy.