214
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýyl ýazgysyna möhüm sahypa bolup ýazylan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylmagyna bir ýyl doldy. Bu şanly waka mynasybetli bu ýerde dabaraly çäreler we baýramçylyk maslahaty geçirildi.
Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan “akylly” şäheriň gurluşygy türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Mälim bolşy ýaly, bu iri taslamany iki tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirildi. Gurluşygy tamamlanan birinji tapgyryň çäklerinde durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy ulanmaga berildi. Olaryň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan hususy kärhanalar alyp bardy.
Innowasion şäher gurluşygynyň ajaýyp nusgasy hökmünde ykrar edilen bu şäher häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny we özboluşly binagärlik çözgütlerini, milli binagärligiň iň gowy däplerini, dünýäniň iň döwrebap tejribesini özünde jemleýär. Gurluşygynda öňdebaryjy maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary ulanylan Arkadag şäheriniň halkara guramalaryň we meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň güwänamalarydyr diplomlarynyň ýigrimiden gowragyna mynasyp bolmagy tötänden däldir. Türkmenistandaky ilkinji “akylly” şäheriň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna girizilendigi bellärliklidir. Munuň özi döwletimiziň bu ugurda alyp barýan ägirt uly işleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň desgalarynyň gurluşygynda ekologik taýdan arassa gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy esasy talaplaryň biri boldy. Bu bolsa şäheriň ilaty üçin amatly ekologik gurşawy emele getirýär. Ähli binalardyr desgalar, şol sanda iki we köp gatly ýaşaýyş jaýlary, jemgyýetçilik, bilim, saglygy goraýyş, medeni maksatly desgalar, sport merkezleri, inženerçilik ulgamlary dünýä ülňülerine laýyklykda guruldy. Arkadag şäherinde halkara ölçeglere laýyk gelýän köpşahaly ýol-ulag düzümi döredildi. Giň şaýollar, köçeler häzirki zaman yşyklandyryş we dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilendir. Täze şäherde optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ornaşdyrylmagy ýokary tizlikli interneti ulanmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde ýokary hilli öýjükli aragatnaşygy üpjün etmek üçin 4G enjamlarynyň toplumy işe girizildi.
Täze şäheriň saglygy goraýyş, bilim, sport ugurly binalarynyň hatarynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebini, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezini, çagalar baglaryny, umumybilim berýän orta mekdepleri, lukmançylyk edaralaryny, sport toplumlaryny görkezmek bolar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, ösüp gelýän ýaş nesli goldamak we olaryň gyzyklanmalaryny höweslendirmek halkymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen parasatly ýörelgeleriniň biridir. Çagalar baradaky hemmetaraplaýyn alada olary Watanymyza söýgi, onuň taryhyna we medeniýetine hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ýeri gelende bellesek, ýaş türkmenistanlylaryň durmuş goraglylygyny we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek maksady bilen, 2021-nji ýylyň martynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Onuň ştab-kwartirasy Arkadag şäherinde ýerleşýär. Gazna giň möçberli işleri durmuşa geçirýär. Howandarlyga mätäç çagalaryň, şol sanda mätäçlik çekýän maşgalalaryň çagalarynyň lukmançylyk barlaglaryna we olara dürli operasiýalary geçirmäge, bejergi almaklary üçin tölegleri tölemäge, lukmançylyk maksatly serişdeleri we enjamlary satyn almaga yzygiderli pul serişdeleri bölünip berilýär.
Haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde Arkadag şäherinde şu ýylyň martynda ilkinji gezek mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiada geçirildi. Ders olimpiadasyna ýurdumyzdan, Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Katar Döwletinden, Azerbaýjan, Belarus, Bolgariýa, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Türkiýe Respublikalaryndan zehinli mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Munuň özi milli bilim ulgamynyň ösüşiň häzirki zaman derejesine çykýandygynyň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli alnyp barylýan işler köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini höweslendirmek we ösdürmek, oňa ilaty, ilkinji nobatda, ýaşlary giňden çekmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek babatda görülýän çäreler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şu maksat bilen, Arkadag şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi döredildi. Degişli enjamlar, türgenleşik abzallary bilen enjamlaşdyrylan köpugurly sport toplumy we sport merkezi (suw-sport toplumy), 10 müň orunlyk stadion guruldy. Häzirki wagtda halkymyzyň saglygyny berkitmek babatda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan işler Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň sazlaşykly ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler açýar. Futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony bolan we ýurdumyzyň Kubogyny gazanan “Arkadag” futbol topary munuň aýdyň mysalydyr.
Döwrebap şäherde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň binalarynyň gurlandygyny bellemek gerek. Şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar hem Arkadag şäherinde ýaýbaňlandyryldy. Geçirilen çäreleriň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XVI halkara ylmy maslahat, baýramçylyk at çapyşyklary bar.
Döwletimiz tarapyndan medeniýet ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn üns berlip, döredijilik işgärleri üçin ähli şertler döredilýär, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylyp, onuň düzümindäki edaralaryň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Täze şäheriň medeniýet ulgamyna degişli binalarynyň hatarynda Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphana, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry, medeniýet we sungat işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlary bar. Mundan başga-da, «Arkadag» teleýaýlymy döredilip, adybir gazet esaslandyryldy. Ruhyýet köşgi, şäheriň birnäçe edaralary ýerleşen Medeniýet toplumynyň binasy täze şäheriň binagärlik gözelligi bilen sazlaşykly utgaşýar.
Ýeri gelende bellesek, geçen ýyl Arkadag şäherinde ilkinji gezek birnäçe möhüm ähmiýetli medeni çäreler geçirildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda guralan “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwal, “Ýylyň parlak ýyldyzy” estrada bäsleşiginiň jemleýji tapgyry we beýlekiler şolaryň hataryndadyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadag şäherinde geçirilmeginiň aýratyn ähmiýeti bar. Diýarymyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän bu medeni forum döredijilik işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine, täze zehinleri ýüze çykarmaga, halkymyzyň medeniýet derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Gözelligi we gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çeken “akylly” şäher açylan gününden “Arkadag şäheri — gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy”, “Arkadag şäheri — “akylly” we “ýaşyl” tehnologiýalar şäheri”, “Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri” atly halkara ylmy maslahatlaryň we beýleki çäreleriň geçirilen ýerine öwrüldi. Şeýle hem bu ýerde ýaşlaryň dünýäde durnukly geljegi gurmak ugrunda artýan ornuna bagyşlanan «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy geçirildi.
Şu gün bolsa Arkadag şäherinde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelen ýaşaýjylar jaý toýuny tutdular. Bu ýerde hakyky baýramçylyk ýagdaýy emele geldi, aýdym-sazlar ýaňlandy. Döredijilik toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Täze jaýlara göçüp gelenler ýaşaýjylar üçin iň ýokary rahatlygy üpjün edýän “akylly” öý tehnologiýalarynyň artykmaçlyklary barada buýsanç bilen gürrüň berdiler. “Akylly” öý tehnologiýalary ulanylyp gurlan 5, 7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary, 2 gatly kottejler Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Munuň özi öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamydyr. Ol internet tory arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň, howpsuzlygynyň ähli ugurlarynyň awtomatik we sazlaşykly işini üpjün edýär.
Täze ýaşaýyş jaýlarynyň eýeleri döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza halkymyzyň abadançylygy barada hemmetaraplaýyn aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.
...Günüň ikinji ýarymynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda baýramçylyk maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryna iberen Gutlagynda bu şäheriň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli tutulýan uly toý-dabaranyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrjakdygyna, gazanýan ajaýyp üstünliklerimize buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynam bildirdi. Ýygnananlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda kemala gelen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşynyň taryhy ähmiýetini nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli ünsi we goldawy netijesinde ýurdumyzdaky ilkinji “akylly” şäher ýaşamak, zähmet çekmek, dynç almak üçin iň amatly şertleri bolan kämil şäherleriň biri boldy.
Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän täze şäher “akylly” şäheriň aýdyň nusgasy bolmak bilen, onda öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalar giňden ornaşdyryldy. Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berildi. Ajaýyp tebigy gözelligi gorap saklamak üçin şäheriň gurluşygynda “ýaşyl” tehnologiýalar giňden ulanyldy.
Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli goldaw bermeginde gurluşygyna 2019-njy ýylda badalga berlen ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bu günki gün örän ajaýyp keşbe eýe boldy. «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýyny, şonuň ýaly-da, Arkadag şäheriniň wezipelerini amala aşyrmagy bilen baglylykda döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň hukuk, guramaçylyk we beýleki esaslaryny kesgitleýär. Oňa laýyklykda, Arkadag şäherine döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy berildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda Arkadag şäherinde gurlup ulanmaga berlen bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna Watana wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezen, ähli bilimini we tejribesini ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine bagyşlan meşhur şahsyýetleriň atlary dakyldy.
Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy boýunça işler dowam etdirilýär. Onuň çäginde, esasan, senagat desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa Türkmenistanda milli ykdysadyýeti pugtalandyrmak meselesine uly üns berilýändiginiň ýene-de bir aýdyň güwäsidir. Arkadag şäheriniň desgalarynyň gurluşygynyň türkmen halkynyň Milli Lideriniň yzygiderli üns bermeginde alnyp barylýandygy bellenildi. Bu ýerde halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, saglygyny, döredijilikli zähmetini üpjün etmek üçin giň gerimli işler amala aşyrylýar. Munuň özi Türkmenistanyň syýasatynyň “Döwlet adam üçindir!”, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgeler esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň anyk mysalydyr.
Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde ösýän dermanlyk ösümlikleriň ekologik talaplara laýyklygynyň, olaryň bejerijilik aýratynlyklarynyň ylmy esasda öwrenilýändigini aýtdylar. Munuň özi ýerli çig maldan saglygy goraýyş ulgamyna zerur bolan derman serişdelerini öndürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň döredilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Onda saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan bir gezeklik lukmançylyk serişdeleriniň, şol sanda agyz-burun örtükleriniň önümçiligine girişildi. Munuň özi lukmançylyk edaralarynda zerur bolan serişdeleriň ýerli çig mallardan öndürilýän möçberiniň artdyrylmagynda, bu ugurda ýerli islegleriň kanagatlandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Arkadag şäheri diňe bir sanly we “ýaşyl” tehnologiýalaryň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň aýdyň mysaly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, BMG-niň ýaşaýyş jaý we durnukly şäher ösüşi boýunça “Habitat — III” maslahatynda tassyklanan “Täze şäher gün tertibi” konsepsiýasynyň hem amala aşyrylmagynyň mysalydyr. Maslahata gatnaşyjylar “Arkadag şäheri — geljegiň şäheri” atly kitabyň ähmiýetini hem bellediler. Onda Arkadag şäherinde ýerine ýetirilen gurluşyk işleri baradaky maglumatlar getirilýär, owadan fotosuratlar bolsa şäheriň binalarynyň aýratynlyklary barada aýdyň düşünje almaga ýardam berýär. Üç dilde taýýarlanylan hem-de ýokary çaphana usulynda neşir edilen kitap giň okyjylar köpçüligi, şol sanda daşary ýurtly okyjylar üçin hem elýeterlidir.
Forumyň dowamynda asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habar aýdyldy. Bellenilişi ýaly, watandaşlarymyzy ýyldyz baradaky maglumat bilen tanyşdyrmak maksady bilen, asman jisimine “Arkadag” adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamany, şeýle hem teleskopy we onuň düşüren suratlaryny ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurmak hakynda çözgüt kabul edildi.
Dabara gatnaşyjylar ähli bilim işgärlerini, uniwersitetiň professor-mugallymlaryny, talyplaryny bu ajaýyp waka bilen gutladylar. Soňra degişli güwänama gowşuryldy. Bilim işgärleri, Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary hem-de talyplary bu ajaýyp wakanyň ähmiýetini belläp, hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi we dünýädäki abraýynyň has-da belende galmagy ugrunda tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Arkadagymyzyň ady dakylan täze şäheriň diňe bir raýatlarymyzyň amatly we bagtyýar durmuşda ýaşaýan ýeri bolmak bilen çäklenmän, bilimiň, medeniýetiň, ylmyň hem-de giň halkara hyzmatdaşlygyň esasy merkezleriniň birine öwrüljekdigine ynam bildirdiler.
Dabaraly maslahat tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
...Agşam «Arkadag Binasynyň» öňündäki baýramçylyk meýdançasynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konserti boldy.
«Baky bagtyň aýdymy Siz, Milli Lider Arkadag!» atly edebi-sazly kompozisiýa konsertiň başyny başlady. Ol ýurdumyzda oňyn özgertmeleriň we täzeçil şähergurluşyk syýasatynyň amala aşyrylmagyna badalga beren Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerine bagyşlandy. Bu ýerde guralan dabaranyň edebi maksatnamasyna aýdymlar we joşgunly tanslar, artistleriň, döredijilik toparlarynyň sungatyň dürli ugurlary boýunça ýerine ýetiren çykyşlary, milli sungatyň baý däplerini, özboluşly öwüşginini, ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezýän döredijilik çykyşlary girizildi. Konserte gatnaşyjylar belent owazlary bilen Arkadag şäheriniň, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Watanymyzyň waspyny ýetirdiler. Aýdym-sazly kompozisiýalar Arkadag şäheriniň gözel künjekleri baradaky wideoşekiller bilen utgaşdy.
Tomaşaçylar Türkiýe Respublikasynyň sungat ussatlarynyň çykyşyny uly şowhun bilen garşyladylar. Olar meşhur estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Daşary ýurtlaryň belli aýdymlary esasynda ýerine ýetirilen “Aýdymlar çemeni” dostlukly gatnaşyklaryň özboluşly senasy bolup ýaňlandy.
Ýurdumyzda ýola goýlan asylly däbe görä, her bir baýramçylykda dünýä meşhur “Küştdepdi” tansy ýerine ýetirilýär. Häzirki döwürde halkymyzyň medeni mirasynyň ajaýyp nusgasy bolan gadymy aýdymly tans dessury ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilip, döwrüň ruhy bilen sazlaşýar we many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylýar. Küştdepdini birleşen folklor toparlary ýerine ýetirip, öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Sözi we sazy türkmen halkynyň Milli Liderine degişli bolan “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdym baýramçylyk konsertiniň jemlenmesine öwrüldi. Ony dabara gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmegi sungat eseriniň ähmiýetini we täsirliligini has-da artdyrdy. Bu aýdym watansöýüjiligiň, agzybir halkymyza, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza beýik buýsanjyň senasyna öwrüldi.
Artistleriň çykyşlarynda halkymyzyň baý medeni mirasy, häzirki zaman äheňleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýokary döredijilik ruhy öz beýanyny tapdy.