img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Dil — dile dogan, il — ile

7

...

Türkmenistan dünýäniň köp ýurtlary bilen ikitaraplaýyn we halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk saklaýar. Häzirki döwürde türki döwletler bilen gatnaşyklar hem barha ilerleýär.

Ýakynda Türkiýäniň Ankara şäherinde X halkara türk dili gurultaýy geçirildi. Dört ýyldan bir gezek geçýän gurultaýa dünýäniň 21 döwletinden türkolog alymlaryň 170-e golaýy ýygnandy. Gurultaýyň bölümlerinde türki dilleriň häzirki ösüş ugurlary, dilleri öwrenmegiň we öwretmegiň usullary, düzülýän dürli ugurly sözlükler bilen baglanyşykly ylmy çykyşlar edildi hem-de bu meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türki halklaryň taryhynyň gadymy döwürlere uzaýşy ýaly, olaryň dili hem ençeme müňýyllyklary başdan geçiripdir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Biziň ene dilimiz öz gözbaşyny Oguz handan alyp gaýdýan, ähli türki halklaryň dilleriniň esasyny düzýän dildir. Şoňa görä-de, biziň dilimiz ähli türki dilli halklar üçin düşnükli bolmak bilen, ol öz tebigaty boýunça dünýäniň esasy dilleriniň hatarynda durmaga mynasypdyr» diýip beren bahasy türkmen diliniň gadymylygyny we onuň türki dilleriň arasyndaky ornuny kesgitlemäge esas bolýar.

XX asyryň ikinji ýarymynda dilçilerimiz türkmen dil biliminiň, şol sanda türkologiýanyň taryhynda ilkinjileriň hatarynda köpfunksiýaly söz toparynyň biri bolan işligi ýakyn garyndaş azerbaýjan, türk, gagauz dilleri bilen deňeşdirip öwrenmek boýunça ylmy derňewleri geçiripdirler. Özi-de şeýle ylmy barlaga bütin türkologiýa ylmynda ýerine ýetirilen bitewi häsiýetli tipologik derňew hökmünde garalypdyr. Monografiýa işlerindäki meseleleriň köpüsiniň täzeçe ylmy çözgüdiniň tapylandygy hem-de şu işleriň derňeliş usullarynyň we olardan çykarylýan netijeleriň türki dilleriň beýleki toparlaryny deňeşdirip öwrenmekde-de peýdalydygy şübhesizdir. Türkmen alymlarynyň 10-synyň aýratyn kitap görnüşinde çap etdiren işleriniň türkologlara, dil bilimi bilen iş salyşýan hünärmenlere şu ugurlar boýunça giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik berip gelýändigi hakykatdyr.

Gurultaýa gatnaşan türkologlar alym Arkadagymyzyň umumy redaksiýasy bilen neşir edilen iki jiltli «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginiň» we «Türkmen diliniň orfografik sözlüginiň» düzülişi barada gyzyklanyp, sowallary berdiler hem-de kanagatlanarly jogap aldylar. Şu ugurdan ýaş türk alymlarynyň türkmen sözlükleriniň derňewine diýseň uly höwesiniň bardygy bellärliklidir.

Häzirki zaman türki dilleriniň geljekki ösüşlerine bagyşlanan gurultaýyň gelen çözgütleriniň olaryň täze garaýyşlarda umumy taraplaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirildi. Munuň üçin geljekde türki dilli halklaryň dil babatda-da hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegiň möhümdigi nygtaldy. Şolaryň hatarynda häzirki zaman garyndaş türki dilleriniň dil gatnaşyklaryny düýpli öwrenmek, gadymy, orta asyrlar taryhyna dahylly çeşmeleri bilelikde seljermek bilen bagly meseleler durýar. Şonuň ýaly-da, alymlaryň ylymda gazanan üstünliklerini türki dünýä ýaýmak, olaryň tejribesini öwrenmek we hünärmenleri birek-birek bilen tanyşdyrmak, türki dilleri, olaryň edebiýatynyň möhüm meselelerine degişli neşir edilen kitaplary elýeterli etmek hakynda aýdyldy. Bellenilişi ýaly, adalga döretmek we ulanmak häzirki döwürde derwaýys meseleleriň hatarynda durýar. Türki dillerde içki baýlyklaryň hasabyna adalga döretmek hem-de başga dillerden gerekli sözleri adalga-termin hökmünde almak dogrusynda belli bir ugry, anyk ýörelgeleri salgy bermek geljekki hyzmatdaşlygyň netijesinde mümkin bolar.

Gurultaýyň geçýän günlerinde doganlyk ýurtlardan gelen dilçi alymlar bilen türki dilleriň umumylyklary, geljekki ösüşleri barada pikir alyşmaga hem mümkinçilik döredi. Ankara uniwersitetiniň dil-taryh we geografiýa fakultetiniň häzirki zaman türki dilleri kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň doktory Sema Barutçu Özönder bilen guralan duşuşyk hem täsirli boldy. Döwlet Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soňra, has takygy, 1992-nji ýyldan ady agzalan kafedrada Türkiýede ilkinji gezek beýleki diller bilen bir hatarda, türkmen dili we edebiýaty sapagy okadylyp başlanypdyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitleriniň birinde eden çykyşynda: «Biziň hyzmatdaşlygymyzyň esasynda hoşniýetli erk-islegimiz, maksatlarymyzyň umumylygyna düşünmek, şöhratly taryhy mirasymyza daýanmak, kuwwatly bitewi köklerimiz durýar. Şu köklerden bolsa Ýer ýüzüniň adamlarynyň millionlarçasy saýalaýan türki dünýäniň beýik daragty ösüp ýetişdi» diýen çuň manyly sözleri türki dilleriň bitewi köklerinden kemala gelen beýik daragtyň geljekki ösüşine-de degişlidir.

Hezretguly DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky

Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň

direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary,

filologiýa ylymlarynyň doktory.

"Türkmenistan",

04.10.2024, №254.