442
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2022-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky 342 belgili buýrugy bilen tassyklanan hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2022-nji ýylyň 26-njy noýabrynda 1663 bellige alyş belgisi bilen bellige alnan Eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan ähli görnüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça döwlet bäsleşigini geçirmegiň Düzgünnamasyna hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli görnüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet bäsleşigini geçirmek hakynda” 2024-nji ýylyň 12-nji ýanwaryndaky 6 belgili buýrugyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 4-nji we18-nji fewralynda geçirilen Döwlet bäsleşiginiň degişlilikde I we II tapgyrlarynyň netijesinde jemleýji III tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan Aşgabat şäherinde we welaýatlarda hereket edýän okuw merkezlerinde okaýan zehinli ýaşlaryň 217 sanysynyň gatnaşmagynda 2024-nji ýylyň 10-njy martynda D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binasynda Döwlet bäsleşiginiň jemleýji tapgyry guramaçylykly ýagdaýda geçirildi. Döwlet bäsleşigi iki ugur boýunça, ýagny iňlis we rus dilleri boýunça dört ýaş derejesinde geçirildi: I ýaş derejesi – 12-13 ýaş, II ýaş derejesi – 14-15 ýaş, III ýaş derejesi – 16-18 ýaş, IV ýaş derejesi – 16 ýaşdan uly bolan raýatlar gatnaşdy. Ähli ýaş derejeleri boýunça ýaşlar degişli daşary ýurt diliniň gramatikasyny, söz baýlygyny, okamak we diňlemek ukybyny barlamak esasynda synag edildi. Döwlet bäsleşiginiň IV ýaş derejesi üçin ýumuşlar dil bilimini bahalandyrmagyň halkara ykrar edilen usulyýeti boýunça taýýarlanyp hödürlendi. Döwlet bäsleşiginde her ugurdan her ýaş derejesi boýunça 1 sany I orun, 2 sany II orun, 3 sany III orun üçin, jemi 48 sany baýrakly orun üçin bäsleşdiler. Döwlet bäsleşiginiň çekeleşikli geçmegi, birmeňzeş netije görkezen ýaşlara Düzgünnamanyň talaplaryna laýyklykda goşmaça ýumuşlary bermegiň netijesinde ýeňijileriň saýlanmagy bäsleşige gatnaşýan ýaşlaryň ýokary taýýarlygyna şaýatlyk etdi.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda çykaran 519 belgili karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” çäginde ýurdumyzda alnyp barylan işleriň öz ýokary netijesini berýändigini görkezdi.
Şeýle hem Döwlet bäsleşiginiň sylaglandyryş dabarasynda aýdym-sazly çykyşlar guraldy. Bu döwlet bäsleşiginiň ýokary guramaçylykly gçirilmeginde işjeň gatnaşan Guramaçylyk, Eminler we Gözegçi toparlarynyň birnäçe agzalary Bilim ministrliginiň Minnetdarlyk hatlary bilen sylaglandyryldy. Dabaranyň dowamynda Döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edilip olara Bilim ministrliginiň Diplomlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Döwlet bäsleşiginde «Zehin ýoly» hojalyk jemgyýetiniň Türkmenabat şahamçasynyň, «Kämil bilim» hususy kärhanasynyň, Mary welaýatynda ýerleşýän «Altyn göreç» hojalyk jemgyýetiniň hem-de «Belent bilim» hojalyk jemgyýetiniň diňleýjileri özleriniň zehinleri bilen deň-duşlaryndan has-da tapawutlandylar. Şeýle hem, Mary welaýatynda ýerleşýän «Bilim güzeri» hojalyk jemgyýetiniň, Daşoguz welaýatynda ýerleşýän «Zehinli nesil» hojalyk jemgyýetiniň hem-de «Merdem ýaşlar» hojalyk jemgyýetiniň diňleýjileri hem dil öwrenmekde özleriniň has-da yhlaslydyklaryny görkezdiler. Umuman aýdanyňda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän 16 sany okuw merkezleriniň we olaryň şahamçalarynyň diňleýjileri baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardylar.
Eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan ähli görnüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileriniň sanawy aşakda getirilýär: