439
Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky «International Ltd.» (CNPCIT) ýaş hünärmenleri taýýarlamakda ýurt bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk barada gürrüň berdi diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berildi.
Kompaniýanyň habaryna görä, 2024-2025-nji okuw ýylynda, türkmen talyplarynyň nobatdaky topary ýokary bilim almak üçin Hytaýyň nebit uniwersitetine okuwa iberiler. Olar nebitgaz ýataklaryny gözlemek we ösdürmek, inženerçilik, ykdysadyýet ýaly meşhur hünärler boýunça bilim alyp bilerler.
CNPCIT Türkmenistanda işlän 15 ýylynyň içinde eýýäm türkmen ýaşlaryndan 158 talyby bu abraýly hytaý ýokary okuw mekdebine iberdi. Uçurymlaryň 130-dan gowragy häzirki wagtda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda üstünlikli zähmet çekýärler.
Kompaniýanyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň çäginde işgärleriň taýýarlygy babatynda Hytaý bilen hyzmatdaşlyk güýçlendiriler.