img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

CAREC ýurtlarynyň bilim ulgamynyň ýolbaşçylary Daşkentde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maslahatlaşdylar

279

...

29-njy fewral - 1-nji mart aralygynda Daşkent şäherinde Merkezi Aziýanyň sebit ykdysady hyzmatdaşlygy (CAREC) maksatnamasynyň Ylymlary ösdürmek boýunça Iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Ol hünär-tehniki we ýokary bilim ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen guraldy. 

Çärä Türkmenistandan bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň prorektory Şahymuhammet Şahyýew gatnaşdylar. 30-a golaý wekiliň gatnaşan iki günlük sammitiň barşynda hünär-tehniki we ýokary bilim ulgamyny ösdürmegiň geljegi hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam etjek sebit hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Mejlisiň birinji gününde zähmet bazarynyň talaplaryna laýyklykda bilim maksatnamalarynyň taýýarlanylyşynda ulanylýan gurallary sazlaşdyrmaga hem-de hünär derejesini kesgitlemegiň netijeli usulyýetini işläp taýýarlamaga aýratyn üns berildi. 

Bilimiň hilini, onuň dowamlylygyny üpjün etmegiň, resmi bolmadyk bilimi utgaşdyrmagyň ugurlaryna hem üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Aziýa Ösüş banynyň, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň, Ýewropanyň uniwersitetleriniň assosiasiýasynyň bilermenleriniň iň gowy tejribeleri tanyşdyryldy. 

Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew özüniň çykyşynda Türkmenistanyň bilim standartlaryny işläp taýýarlamak işiniň ÝUNESKO-nyň Baş maslahatyna gatnaşyjy döwletler tarapyndan resmi taýdan tassyklanan Bilimi klassifikasiýalaşdyrmagyň halkara standartlaryna laýyklykda amala aşyrylýandygyny belledi. Bilimiň standarty iş berijiler we gyzyklanma bildiren taraplar tarapyndan hem ylalaşylýar. Bu bilim derejesini kesgitlemegiň talaplaryna we okuw meýilnamalaryna hem laýyk gelýär. 

Türkmenistan 2021-nji ýylda Bilim hakynda Kanunyň täzelenen redaksiýasyny kabul etdi we geçen 3 ýylyň dowamynda bilim derejesini kesgitleýjileriň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda, bilim standartlaryny, okuw meýilnamalaryny, hünär biliminiň ähli derejeleriniň kwalifikasiýa zerurlyklaryna laýyklykda özgertdi. 

2022-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistan Ýewropa sebitindäki ýokary bilim ulgamyna degişli kwalifikasiýany ykrar etmek hakynda Kararnama goşuldy. Bu Kararnama ýokary okuw mekdepleriniň halkaralaşdyrmak meselelerini düzgünleşdirýän Ýewropa Geňeşiniň kabul eden resminamasy bolup durýar. Kararnamanyň düzgünlerine görä, 2023-nji ýylda Türkmenistanda Milli maglumatlar merkezi döredildi we ol Ýewropa Geňeşiniň we Ýewropa Komissiýasynyň bilelikdäki ENIC (European Network of National Information Centres on Academic Mobility and Recognition) и NARIC (National Academic Recognition Information Centres) toruna birikdirildi. 

Şeýle hem ýurtda akkreditirlemek ulgamy halkara düzgünlere laýyklykda ösdürilýär. Bilim edaralarynda elektron we uzak aralykdan tehnologiýalary ulanmak arkaly okatmak boýunça bilim maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň Tertibi kabul edildi. Dürli ugurlar we bilim derejeleri boýunça bilim maksatnamalaryny sazlaşdyrmak işi alnyp barylýar. 

CAREC maskatnamasynyň Iş toparynyň mejlisinde türkmen ýokary okuw mekdepleriniň halkara reýting meýdançalarynda, abraýly halkara ders olimpiadalarynda, ylmy bäsleşiklerde, bilimi sanlylaşdyrmak işinde gazanan üstünlikleri barada aýdyldy. 

Çäräniň ikinji gününde howanyň üýtgemeginiň netijesinde oba hojalygyny ösdürmek, suw serişdelerini dolandyrmak we hünär bilimleri ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek, CAREC sebitinde "ýaşyl" ylymlary ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy. 

Degişli ugurlarda oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň tutýan ähmiýetli orny barada deglip geçildi. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň prorektory Şahymuhammet Şahyýew özüniň çykyşynda Türkmenistanda suw we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylýandygyny, howanyň ýetirýän täsirlerini azaltmak maksady bilen tokaýlary dikeltmek, ýerleriň ulanylyşyny gowulandyrmak boýunça işleriň geçirilýändigini aýtdy. 

Bellenişi ýaly, Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ekologiýa babatda kabul edilen halkara borçnamalara laýyklykda, zerur bilimleri we ylymlary kemala getirmek boýunça bilim maksatnamalaryny sazlaşdyrmak boýunça hemmetaraplaýyn çäreleriň alnyp barylýandygyny belledi. Ýaşlaryň ekologiýa babatdaky bilimlerini kämilleşdirmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly täsirlere uýgunlaşdyrmak babatda hem işler geçirilýär. 

Türkmenistanyň Bilim ministrligi ÝUNISEF bilen bilelikde mekdepde okadylýan dersleri howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere uýgunlaşdyrmak babatda okuw maksatnamasyny işläp taýýarlady. Ol özünde başlangyç we orta bilim ulgamynda synp gurşawynda okatmak üçin mugallymlara usulyýet gollanmasy bolup hyzmat edýär. 

Oba hojalygyny howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak we suw serişdelerini rejeli ulanmak babatda geçirilen ylmy-amaly işleriň netijeleri barada hem aýdyldy. 

Ara alyp maslahatlaşmalardan soň, çäräni guraýjylar tarapyndan häzirki döwrüň möhüm meselelerini hasaba almak bilen "Oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary" ugry boýunça bilim standartlaryny kemala getirmegiň gurallary boýunça maslahatlary işläp taýýarlamak teklip edildi. 

Çärä gatnaşyjylar seljeriş merkezleri we bilim edaralary, şol sanda Ýewropanyň uniwersitetleirniň tory, CAREC Instituty, Gissendäki Ýustusa Libiha uniwersiteti, Ösüş babatda Wageninge merkezi hem-de JICA tarapyndan ulanylýan halkara standartlar bilen tanyşdylar. 

Hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bar bolan mümkinçililerini kesgitlemegiň hem-de işçi güýjüniň, talyplaryň, barlaglaryň we innowasiýalaryň sebit alyşmalaryny ösdürmäge ýardam etmegiň zerurlygy bellendi. 

Sebitde bar bolan howa üýtgeşmeleri we ekologiýa durnuklylygy bilen bagly umumy meseleler bilen baglylykda, CAREC Maksatnamasynyň Oba hojalyk uniwersitetleirniň torunyň degişli ugurda işleri ilerletmäge ýardam edip biljekdigi bellendi. Munuň özi inowasiýalary we öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ösdürmäge itergi berer. 

CAREC  ýa-da Merkezi Aziýanyň sebit ykdysady hyzmatdaşlygy maksatnamasyna 11 döwletiň we ykdysady ösüşe hem-de garyplygy azaltmaga ýardam edýän hyzmatdaşlar taraplaryň hyzmatdaşlyk ulgamydyr. Maksatnama "Gowy goňşular, gowy hyzmatdaşlar we gowy mümkinçilikler" atly umumy garaýyş esasynda dolandyrylýar.