img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Çagalara bedenini dik tutmak näme üçin örän möhüm?

53

...

Bedeniň durkunyň dogry bolmagy (osanka) — diňe bir owadan keşplilik däl-de, eýsem tutuş bedeniň saglygynyň esasy hasap edilýär. Aýratyn-da, ony çaganyň bedeni işjeň ösüp ulalýan wagtlary, heniz mekdep ýaşlarynda mahaly kadalaşdyrmak zerurdyr.

Bedeniň durkunyň dik bolmagyny gazanmak näme sebäpden beýle wajypka?

Bedeniň durky organizmiň bitewi ulgamynyň işleýşine täsir edýär:

Onuň kadalylygynyň bozulmagy dem alşy kynlaşdyryp, organlara kislorod ýetmezçiligine sebäp bolup biler;

Iýmit siňdirişde ýuwutmagyň kynlaşmagyndan başlap, sary gaýnama ýaly ýagdaýlaryň bolmagyna çenli dürli mesele ýüze çykyp biler; 

Süňklere ýüküň nädogry paýlanmagy netijesinde, şikes ýetmek töwekgelçiligi uly bolup biler. 

Bedeniň durky bilen baglanyşykly müşgillikleri nädip bilmeli?

Häzirki döwrüň çagalarynyň aglaba-köpüsi bedeniniň durkuna ýaramaz täsir edýän sanly enjamlara gümrä bolup, ony epilip ulanmak bilen köp wagtlaryny geçirýärler. Çagaňyzyň bedeniniň durkunyň kadalylygyny barlamak üçin ýönekeý synag geçiriň:

Çagaňyzy arkasyny diwara ýaplap dik duruzyň

Gözlerini ýumup, kellesini birnäçe gezek öňe-yza etmegini buýruň.

Bedeniň boluş ýagdaýyna üns beriň

Şu aşakdaky alamatlary synlaň:

Kelläniň ýa-da bedeniň gapdallygyna egilmegi

Eginleriň assimetriýasy

Aýaklaryň ýa-da dyzlaryň nädogry ýagdaýy

Bil böleginiň artykmaç egrelmegi

Eger çagaňyzda şu alamatlary görseňiz, onda size lukmana ýüz tutmak gerek.

Bedeniň durkuny nädip kadalaşdyrmaly?

Ýeterlik derejede fiziki taýdan işjeň boluň

Sagdyn uklamak üçin şert dörediň: ortopediki matras, oňaýly düşek

Ergonomiki okuw mebellerini saýlaň

Çagaňyza düşnükli edip göni oturmagy öwrediň

Iş ýeriňizde dogry yşyklandyryşyň bolmagyny gurnaň

Mekdep ýantorbasyny dogry saýlap alyň

Amatly iş gurşawyny dörediň

Çagaňyzyň görüş derejesini yzygiderli barlap duruň

Kompýuteriňiziň monitoryny dogry ýerleşdiriň

Bedeniň durkunyň dürs bolmagyny sazlamagyň çylşyrymly prosesdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Bu diňe bir saçak başynda bedeniňi dik tutup oturmagy däl, eýsem sagdyn iýmitlenmegi, maşk etmegi we ýokary hilli dynç almagy hem öz içine alýar. Bu düzgünleri çaganyň gündelik durmuşynyň bir bölegine öwürseňiz, ýakyn ýyllaryň dowamynda onuň saglygynyň düýbüni tutarsyňyz.