img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

BMGÖM Bütindünýä daşky gurşawy goramak güni mynasybetli Türkmenistanda «Beat Plastic Pollution» atly wideorolikler bäsleşigini yglan etdi

2759

...

BMGÖM her ýylyň 5-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä daşky gurşawy goramak güni mynasybetli Türkmenistanda «Beat Plastic Pollution» atly wideorolikler bäsleşigini yglan etdi. Halkara guramanyň metbugat bölüminiň habar berşi ýaly, geçirilýän bäsleşige ýurduň 14 ýaşdan 25 ýaşa çenli raýatlary gatnaşyp bilerler. Bäsleşige gatnaşyjylar özleriniň plasmas önümlerini ulanmagy azaltmagy wagyz edýän ýa-da olary gündelik durmuşda gaýtadan ulanmagyň usullaryny açyp görkezýän 1 minutlyk wideorolik ýazgy etmeli. Taýýarlanylan wideorolikler 2-3 sözlemden ybaratdan bolan mazmuny bilen undptm@gmail.com elektron salga iberilmeli.

Wideorolik MP4 formatda, MOV ýa-da AVI ýokary çözgütli, ölçegi 4:4 ýa-da 5:4, 720 pikselden az bolmaly. Bäslegiň eminleri wideorolikleri täsirliligi, özboluşlylygy hem-de berlen tema esasda düşürilişi boýunça baha bererler. Bäsleşige gatnaşyjylaryň işleri 30-njy maýa çenli kabul ediler. Bäsleşigiň ýeňijileri 5-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä daşky gurşawy goramak gününde yglan ediler. Ýeňijiler halkara guramanyň sertifikatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanylar.

 

 

Çeşme: https://turkmenportal.com/tm/blog/62360/bmgom-turkmenistanda-wideorolik-basleshigini-yglan-etdi%C3%BD