386
Türkmenistanda, bilim edaralarynyň hereket etmeginiň şertlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, bilim işine döwlet akkreditasiýasy amallaryny ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow bu barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen Milli we Prezident maksatnamalarynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, bilim edaralaryny akkreditirlemegiň milli ulgamyny döretmek, ýokary hünär bilimi edaralarynyň halkara reýtingine goşulmagy üçin guramaçylyk işlerini alyp barmak meýilleşdirilýär.
«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda, Bilim ministrligi tarapyndan «Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnamanyň» taslamasy taýýarlanyldy.
Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilim edaralarynyň görkezijileri babatda dünýäde belli okuw mekdepleriniň sanawyna goşulmagyna, milli bilim ulgamynyň halkara derejelere çykarylmagyna ýardam eder.
Häzirki wagtda bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde, Türkmenistanyň ýokary hünär bilimi edaralarynyň 9-sy Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň agzasy bolup durýar.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň gözýetimli bolmagy ugrunda ýokary we orta hünär bilimi edaralarynda döwrebap özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.
— Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasynyň Düzgünnamasyny talabalaýyk taýýarlamak möhümdir — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we wise-premýer N.Amannepesowa bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.