391
3 — 9-njy ýanwar aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň guramagynda “Giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek ilkinji nobatdaky wezipedir” diýen şygar bilen mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işgärleri we terbiỳeçi mugallymlary üçin usuly-amaly okuwlar geçirilýär.
Usuly-amaly okuwlaryň esasy maksady häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde goýýan möhüm wezipelerini durmuşa geçirmekden, milli bilim ulgamyny döwrebap ýörelgeler esasynda kämilleşdirmekden hem-de terbiýeçileriň we mugallymlaryň usuly taýýarlygyny amalyýetde kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Bu okuwlaryň dowamynda häzirki dowam edýän 2023-2024-nji okuw ýylynyň birinji ýarymynyň jemlerini jemlemek, şeýle-de okuw ýylynyň ikinji ýarymynda amal edilmeli işler ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu usuly-amaly okuwlaryň çäklerinde bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilim işini dolandyrmaga degişli kadalaşdyryjy iş resminamalaryna, bilim ulgamyna degişli kabul edilen Konsepsiýalara, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyna, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, bilim işini döwrebap derejede guramak boýunça iş tejribesi alşylýar.
Gyşky dynç alyş möwsüminde guralýan bu okuwlar terbiýeçileriň hem-de mugallymlaryň özara pikir alyşmaklary, sapak geçmekde usuly bilim-başarnyklaryny baýlaşdyrmaklary hem-de öňde durýan wezipeleri has-da aýdyňlaşdyrmaklary üçin täze mümkinçilikleri açýar.