6
2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 20-ne Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi bilen Ýewropa Bilim Gaznasynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga Ýewropa Bilim Gaznasynyň (EFO) Merkezi Aziýa boýunça utgaşdyryjysy, DARYA taslamasynyň SCAFFOLD usulyýeti boýunça toparyň agzasy we halkara hünärmeni hanym Raano Turaýewa-Hýonen bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziň direktory Hanmuhammedow Çary Gurbangeldiýewiç we degişli hünärmenleri gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda SCAFFOLD usulyýetiniň çäklerinde Innowasiýa maglumat merkeziniň ähmiýeti, ýerine ýetirýän işleri we durmuşa geçirýän taslamalary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, bilim we sanly bilim ulgamyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hanym Raano Turaýewa-Hýonen merkeziň alyp barýan işleri we onuň halkara hyzmatdaşlyklary bilen içgin gyzyklanyp, geljekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da artdyryp, utgaşykly işleriň geçiriljekdigi barada aýtdy.
Bu duşuşyk, Türkmenistanyň we Ýewropa Bilim Gaznasynyň bilim pudagynda işjeň hyzmatdaşlyga bolan ygrarlygyny ýene-de bir gezek subut etdi. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hünär endiklerini ýokarlandyrmak we ýaş nesli döwrebap taýýarlamak maksady bilen, täze başlangyçlara taýýardygymyzy merkeziň direktory Hanmuhammedow Çary Gurbangeldiýewiç aýratyn nygtady.
Mundan başga-da, eMekdep platformasy boýunça geçirilen tanyşdyrylyş çäreleri aýratyn gyzyklanma döretdi. Platformanyň içinde bilim almagy has amatly we täsirli edýän birnäçe möhüm funksiýalaryň bardygy nygtaldy. Myhman, platformanyň özüne çekijiligini hem-de ulanyjylara hödürlenýän giň mümkinçilikleriň täsirlidigini aýratyn belläp geçmek bilen geljekde täze pikirleri utgaşykly alyp barmak şeýle hem ýola goýmak işleriň täsirli bolmagy üçin ýurdumyzyň daşary döwletler bilen hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy barada belläp geçdi.
Türkmenistan bilen Ýewropa Bilim Gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bu görnüşi geljekde bilim ulgamynda täze sepgitlere ýol açyp, döwrebap taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine itergi berer.