img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Beýik Magtymgulynyň ýadygärligi belentden seleňläp görünýär

276

...

Düýn agşam paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy.

Bu şanly waka 2024-nji ýylda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanda we halkara derejede geçirilýän dabaralaryň özboluşly dowamy bolup durýar. Magtymguly Pyragy öz ady we öçmez-ýitmez döredijiligi bilen eýýäm üç asyr bäri türkmen halkynyň şan-şöhratyny dabaralandyryp gelýär.

Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur wekiliniň heýkeli bina edilen medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürüldi. Milli Liderimiz şahyryň türkmen halkynyň taryhy, jemgyýetçilik-syýasy, medeni durmuşyndaky möhüm ornuny belleýär. Çünki Magtymguly ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wagyz etmek bilen, adamlaryň kalbynda hemişelik orun aldy, durmuşdaky ýagşy-ýamany ýalňyşsyz kesgitleýän ýolgörkeziji hökmünde hakydasyna berk ornady we türkmen ruhunyň öçmejek çyragyna öwrüldi.

Halkynyň parahat we bagtly durmuşda ýaşamagyny arzuw eden beýik şahyr nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şahyrana mirasy galdyrdy. Onuň geljege gönükdirilen ajaýyp goşgularyndaky çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy. Pyragynyň türkmen halkynyň öňündäki iň uly hyzmaty agzybirlik ugrunda göreşmegidir we eserlerinde agzalalygy ýazgarmagydyr. Wagt berkarar döwleti arzuwlan şahyryň belent taglymynyň dogrudygyny subut etdi. Häzirki wagtda Magtymgulynyň arzuw eden bagtyýar geljegi hakykata öwrüldi. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygyň we ylalaşyklylygyň ýurdy hökmünde tanalýar. Agzybirligiň beýik gudratdygyna ynanýan halkymyz Magtymgula hemişe minnetdardyr.

Söz ussadynyň parasatly öwüt-ündewleri Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak we gülledip ösdürmek üçin möhüm ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymgulynyň döredijiliginiň umumadamzat derejesindäki ähmiýeti barha belende göterilýär, onuň ählumumy gymmatlyga öwrülen öňdengörüjilikli pikirlerine, filosofik garaýyşlaryna üýtgewsiz isleg häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ruhy binýadydyr...

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli şähergurluşyk syýasaty Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan oňyn özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Netijede, soňky ýyllarda paýtagtymyzyň günortasynda, Köpetdagyň dag eteklerinde özboluşly taslamalar esasynda gurlan belent binalary, häzirki zaman ýol-ulag infrastrukturasyny, iri tokaý-seýilgäh zolaklaryny özünde jemleýän ajaýyp landşaft emele geldi. Şol bir wagtyň özünde, Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilýän Aşgabadyň düýpgöter täzelenen keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň okgunly depgini, köptaraplaýyn mümkinçilikleri, baý taryhy we milli medeni däpleri aýdyň beýanyny tapýar. Ak mermerli paýtagtymyz täze binagärlik çözgütleri, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumlary bilen barha gözelleşýär.

Ýurdumyzyň baş şäheri öz çäklerini ýyl-ýyldan giňeldýär, gaýtalanmajak gözelligi bilen haýran galdyrýar. Şonuň üçin paýtagtymyz köp sanly halkara güwänamalara mynasyp boldy. Şäheriň binalarynyň ençemesiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi gurulýan desgalaryň ýokary hiliniň ykrarnamasydyr. Ýer ýüzüniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýan Aşgabadyň köp sanly gözel ýerleriniň hataryna şu günki açylýan täze toplum hem goşular.

...Dabaraly çärä gatnaşmak üçin Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar we halk köpçüligi toplumyň baş girelgesiniň öňündäki meýdança ýygnandylar. Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahata we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar, Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň wekiliýetiniň agzalary bar.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gelýär. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekleýärler.

Bu ýerde ýurdumyzyň teatr we tans toparlarynyň, tanymal aýdymçy-sazandalarynyň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly aýdymyň ýerine ýetirilmegi dabara aýratyn many-mazmun berýär. Bu goşgyny Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýylyň 17-nji awgustynda paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň dowamynda ilkinji gezek şu künjekde okandygyny bellemek gerek. Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde şol wagtky alnyp barylýan işler hem-de ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli taslamalar bilen tanyşdy. Çeper döredijilige aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz şahyryň ýubileýi barada oýlanyp, bu ajaýyp setirleri ýazdy...

Joşgunly çykyşlary üçin artistlere minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz ýörite bellenen ýere geçýär we ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlenýär.

Bu gün türkmen halky uly toý toýlaýar. Paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde türkmeniň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we nusgawy şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşýarys. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejede geçirilýän bu dabara bilen siziň ähliňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini dünýä ýaýmak baradaky başlangyçlary öňe sürdi. Bu ugurda örän köp işler ýerine ýetirildi.

Hormatly Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda akyldar şahyryň baý döredijiligini wasp etmek bilen, onuň hormat-sarpasyny, abraý-mertebesini has-da belende göterdi. Bu goşgynyň her bir sözünde, her bir setirinde örän çuňňur many bar diýip, döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň Milli Lideriniň goşgusyndan bölegi okady:

Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna,

Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne.

Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna,

Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.

Bellenilişi ýaly, bu setirler Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna goýýan aýratyn hormatyndan nyşandyr. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy türkmen halkynyň Milli Lideriniň parasatly pikirleri bilen berk baglydyr. Akyldar şahyryň döwletlilik, berkararlyk, agzybirlik hakyndaky arzuwlary bu günki bagtyýar döwrümizde hasyl boldy. Munuň özi Magtymgulynyň «Türkmeniň» atly goşgusynda öz aýdyň beýanyny tapýar diýip, döwlet Baştutanymyz şu setirleri okady:

Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,

Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,

Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

Beýik akyldaryň eserleri ýurdumyzyň her bir raýatynyň mähriban halkymyza, eziz Diýarymyza, berkarar döwletimize bolan söýgüsini joşdurýar. Nesillerimizde ýokary ahlaklylygy terbiýelemäge, olaryň bilimli, hünärli, il-ýurt we bütin adamzat üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga mynasyp ýaşlar bolup ýetişmegine ýardam edýär. Türkmenistanly hem-de daşary ýurtly meşhur ýazyjy-şahyrlar, alymlar, edebiýatçylar, suratkeşler, amaly-haşam sungatynyň ussatlary, bagşy-sazandalar beýik şahyra bagyşlap kämil eserleri döretdiler. Bu eserler akyldaryň baý edebi mirasyny öwrenmekde, halka giňden ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boldy diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Biz beýik söz ussadynyň baý, gymmatly edebi mirasyny toplamakda, aýawly saklamakda, öwrenmekde we wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretdik. Bu medal, şeýle hem Magtymguly adyndaky halkara baýrak bilen köp sanly watandaşlarymyz, daşary ýurtly raýatlar sylaglanar.

Türkmen halky müňlerçe ýyllyk taryhynyň dowamynda adamzadyň umumy ösüşine uly täsir eden ruhy we medeni gymmatlyklary döreden halkdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de şahyryň eserleriniň dünýä edebiýatynyň, adamzat medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandygyny belledi.

Söz ussadynyň dürdäne şygyrlaryny halk ýatdan öwrenipdir. Bagşy-sazandalarymyz onuň çuň many-mazmunly goşgularyny aýdyma öwrüp, şu günlerimize ýetiripdirler diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Hut şoňa görä-de, nusgawy türkmen şahyrynyň ýubileý toýy bu gün Ýer ýüzünde giňden toýlanýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, durmuş-ykdysady ösüşleri gazanmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Paýtagtymyzda, ýurdumyzyň sebitlerinde häzirki zaman binalarynyň we desgalaryň, döwrebap ýollaryň gurluşyklary giň gerimde dowam etdirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy bilen gözel paýtagtymyzyň täsin tebigatly künjeginde gurlan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagyna — taryhy wakanyň ähmiýetine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň hem oturdylmagynyň Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň ýene bir aýdyň nyşanydygyny belledi.

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň ýurdumyzyň raýatlarynyň we daşary ýurtly myhmanlaryň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüljekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz bu ýerde türkmenistanly we daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň, döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda şygryýet agşamlarynyň, döredijilik duşuşyklarynyň, aýdym-sazly çykyşlaryň yzygiderli geçiriljekdigini aýtdy. Şonuň bilen birlikde, bu seýilgäh toplumy Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny täze belentliklere götermekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Siziň bilşiňiz ýaly, häzirki döwre çenli daşary ýurtlaryň birnäçesinde Magtymguly Pyragynyň heýkelleri oturdyldy we oturdylýar. Şeýle sahawatly işler halklaryň arasynda dost-doganlyk köprülerini has-da pugtalandyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Akyldar şahyryň ömrüni we döredijiligini çuňňur öwrenmek bilen bagly ýurdumyzda alnyp barlan işler bolsa abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe boldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasyna girizildi. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramy bolsa ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bularyň ählisi türkmen halkynyň beýik söz ussadyna bolan belent sarpany aýdyň ýüze çykarýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary türkmen halkynyň beýik ogly, ähli döwürleriň şahyry Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar durmuş, uly üstünlikleri arzuw etdi.

Dabaranyň iň şowhunly pursady ýetip gelýär: hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyga gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär we Köpetdagyň eteginde ýerleşýän, bagy-bossanlyga bürenip oturan medeni-seýilgäh toplumyny açýar. Şol pursatda dürli reňkdäki şarlar asmana göterilýär.

Bu toplum üç asyr geçse-de, döredijiligine tutuş dünýäde sarpa goýulýan we tanalýan türkmen halkynyň şöhratly oglunyň zehinine belent hormatyň hem-de söýginiň beýanydyr. Ähli adamzadyň tutuş Gündogaryň, dünýä medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşan beýik ynsanperwer şahyry sarpalaýandygyny we hormatlaýandygyny bellemek gerek.

Soňra döwlet Baştutanymyz we çärä gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine tarap ugradylar. Ýol ugrunda ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Dürli ýurtlara we yklymlara wekilçilik edýän meşhur nusgawy şahyrlaryň, dünýä belli akyldarlaryň heýkellerini bir ýere jemleýän seýilgäh toplumyň binagärliginiň aýratyn täsin bölegini emele getirýär. Olaryň hormatyna oturdylan ýadygärlikler dost-doganlygy, halklaryň hoşniýetli goňşuçylygyny alamatlandyrýar. Bu ýörelgeleri Magtymguly Pyragy öz öçmez-ýitmez eserlerinde ündäpdir.

Şeýlelikde, bu ýerde Saýat Nowa, Ýanka Kupala, Du Fu, Onore de Balzak, Şota Rustaweli, Iogan Wolfgang fon Gýote, Şandor Petefi, Rabindranat Tagor, Hafyz Şirazy, Dante Aligýeri, Ýasunari Kawabata, Kurmangazy Sagyrbaýuly, Çingiz Aýtmatow, Raja Ali Hajy, Adam Miskewiç, Mihaý Eminesku, Fýodor Dostoýewskiý, Huan Himenes, Saýido Nasafi, Ýunus Emre, Grigoriý Skoworoda, Wilýam Şekspir, Lengston Hýuz, Alyşir Nowaýy ýaly meşhur ýazyjy-şahyrlaryň ýadygärlikleri ýerleşýär. Heýkelleriň her biri keşpleriň häsiýetli taraplaryny şöhlelendirýär we inçelik bilen işlenen köptaraply şekiller olaryň döredijiliginiň aýratynlygyny açyp görkezýär.

Heýkelleriň töwereginde döredijilik toparlary eserleri dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ajaýyp söz ussatlarynyň döredijiligini beýan edýän edebi-sazly kompozisiýalary ýerine ýetirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we dabaranyň myhmanlary suw çüwdürimler toplumynyň öňündäki meýdançada türkmen estrada aýdymçylarynyň «Türkmenistan — dost-doganlyk mekany» atly aýdymy ýerine ýetirýän çykyşyna tomaşa edýärler.

Seýilgähdäki oturgyçda ýaşuly nesliň wekilleriniň öz agtyklaryna türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýazan kitaplaryny okap berýändiklerini görmek bolýar. Golaýda talyplar gazet-žurnallara göz aýlaýarlar, ýaşlar wagtlaryny peýdaly geçirýärler, suratçylar seýilgähde dynç alýanlaryň suratlaryny alýarlar, suratkeşler tebigatyň gözelligini şekillendirmäge synanyşýarlar...

Seýilgähiň iki tarapynda çeper suratlaryň, heýkelleriň, keramika we haly önümleriniň sergisi guraldy.

Seýilgäh toplumynyň çägindäki meýdançada ýurdumyzyň meşhur aýdymçylary tarapyndan «Toý mekany» atly aýdym ýerine ýetirilýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz we dabara gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň etegindäki meýdança geldiler. Ýol ugrunda Watanymyzy wasp edýän edebi-sazly çeper kompozisiýalar ýaýbaňlandyryldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we çärä gatnaşyjylar basgançaklar arkaly türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeline tarap ugradylar.

Tebigy belentlikde gurlan ýadygärligiň beýikligi 60 metre, şahyryň “Türkmeniň” goşgusyndan ganatly setirler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusyndan setirler ýazylan binýadyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir. Medeni-seýilgäh toplumynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny bellemek gerek. Häzirki zaman yşyklandyryş enjamlary we lazer şöhleleri arkaly Magtymguly Pyragynyň heýkeli ýagtylandyrylýar hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitabyndan beýik söz ussady baradaky: “Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir” diýen setirler baýyrlaryň ýüzünde şöhlelendirilýär.

Basgançaklaryň her aralygynda ýurdumyzyň welaýatlaryny alamatlandyrýan bäş sany haly gölüniň şekilinde bezelen ýörite sahna meýdançalary gurlupdyr. Bu ýerde teatr artistleri meşhur türkmen şahyrlary Seýitnazar Seýdiniň, Nurmuhammet Andalybyň, Mollanepesiň, Gurbandurdy Zeliliniň we Mätäjiniň keşbinde Magtymguly Pyraga bagyşlanan goşgulary okaýarlar, aýdymçylar çeper sözüň beýik ussadynyň goşgularyna döredilen «Gidiji bolma», «Näme sen?», «Mert bolmaz», «Bady-sabany görsem», «Bu gün» atly aýdymlary ýerine ýetirýärler.

Soňra döwlet Baştutanymyz we dabaranyň myhmanlary türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň etegine gül desselerini goýdular.

Beýik şahyryň geljek nesillere goýup giden baý medeni mirasy häzirki wagtda umumadamzat gymmatlygy bolup, öz hak mirasdüşerlerine — häzirki bagtyýar nesillere gelip ýetdi. Şahyryň eserleri dünýäniň onlarça diline terjime edildi we aýry neşirler görnüşinde çap boldy. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsiniň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem genji-hazynasydygynyň aýdyň güwäsidir. Beýik akyldaryň berkarar döwlet baradaky arzuwlary bu günki gün hasyl boldy. Özygtyýarlylyga eýe bolan türkmen halky häzirki döwürde abadan ýurdumyzda ýaşaýar we döredýär. Türkmenistan gün-günden kuwwatlanyp, dünýäniň iň abraýly döwletleriniň birine öwrüldi...

Dabaranyň ahyryndaky dronlaryň şüweleňi «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasynyň ýatdan çykmajak pursatlaryna öwrüldi. Yşyklar we dürli şekiller, aýdym-saz bilen utgaşdyrylan çykyş ajaýyp tomaşany, täsirli pursatlary döretdi.

Soňky ýyllarda öňdebaryjy tehnologiýalar ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryna, şol sanda medeniýet ulgamyna hem işjeň ornaşdyrylýar. Munuň özi häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilýän dabaralaryň täzeçil usullary ulanmak arkaly, ýokary derejede guralmagyna innowasion taýdan çemeleşilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyndaky möhüm wakalaryň birine öwrülen şu günki çäre mynasybetli guralan ajaýyp feýerwerk agşamky asmany täsin şekiller bilen bezäp, dabaranyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.