img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

«Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde amerikan agşamy

249

...

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň Daşary işler we Medeniýet ministrlikleriniň ýardam etmeginde ABŞ-nyň Garaşsyzlyk gününi Harby-howa güýçleriniň merkezi serkerdeliginiň aýdym-saz toparynyň konserti bilen belledi.

Amerikalylar üçin bu baýram öz başlangyjyny 1776-njy ýyldan, ýagny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Beýik Britaniýa Patyşalygyndan garaşsyzlygyny yglan eden Jarnamanyň kabul edilen pursadyndan alýar. Amerikalylaryň özleri oňa diňe «dördünji iýul» diýýärler.

Çykyş üçin konsert meýdançasy hökmünde «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezi seçilip alyndy. Birinji gatda «göç üstünde» sahna döredildi. Sahnany gurşap alýan giňişlik tomaşaçylar zaly, birinji gatdan üçünji gata çenli barýan basgançaklar bolsa eýwany emele getirdi.

Aýdymçylaryň we sazandalaryň geýimleri Harby-howa güýçleriniň lybasydy. Olaryň daş görnüşi biziň estrada aýdymçylarymyz baradaky düşünjämize laýyk gelmedi, ýöne konsert başlan badyna, hemme zat ýerbe-ýer boldy. Wokalçylar Jessika Betando we Wiktoriýa Parke özüne çekijiligi hem sadalygy bilen derrew tomaşaçylary maýyl etdi. Aýdyma terjime gerek däldi. Deprekçi Kuinsi Braun bilen pianinoçy Biatrik Skorbiniň, şeýle hem gitaraçylar Aleks Liu Maslas we Saýmon Ewansyň duýga gaplanyp ýerine ýetiren umman aşyp gelen sazlary diňleýjileriň kalbynda ýaňlandy.

Sahnany gurşap alan tomaşaçylar hut konsert gidip durka, aýdymçylar bilen surata düşdüler. Bu bolsa konsertiň dostluk howasyny emele getirdi. Konsert tamamlanandan we tomaşaçylaryň islegi boýunça ýene bir aýdym aýdylandan soňam tomaşaçylar bilen aýdymçylar surat alyşmaklaryny dowam etdirdiler. «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde geçirilen konsert hem amerikaly artistlerde, hem türkmen diňleýjilerinde köp ýakymly duýgular döretdi.