img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Belarusyň uniwersitetleri Türkmenistanda geçirilen sergide bilim hyzmatlaryny hödürlediler

292

...

Belarus Respublikasynyň uniwersitetleri «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň çäginde türkmen raýatlary üçin bilim hyzmatlaryny hödürledi. Bu barada Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.
Aşgabatda geçirilýän sergide Belarusyň aşakdaky bäş uniwersitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda «Belarusda bilim» pawiliony döredildi:

  • Belarusyň döwlet uniwersiteti;
  • Belarusyň döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti;
  • Belarusyň milli tehniki uniwersiteti;
  • Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersiteti.

Bilim edaralarynyň wekilleri sergä gatnaşyjylary Belarusyň uniwersitetleriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar we okuwlara kabul etmegiň düzgünleri barada jikme-jik gürrüň berdiler.