img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Awtoulag hereketlendirijisiniň ömrüni uzaldýarys

299

...

Hereketlendirijiniň ýagyny çalyşmak onuň ömrüni uzaltmaga we netijeli işlemegine kömek edýän esasy awtoulaga ideg amallarynyň biridir. Bu makalada biz hereketlendirijiniň ýagynyň çalşylmagynyň ähmiýeti, iň amatly aralyklar we dogry ýagy saýlamak barada durup geçeris.

Motor ýagy hereketlendirijiniň «saglygyny» goramakda möhüm ähmiýete eýedir. Ol hereket edýän bölekleri ýaglaýar, könelmeginiň öňüni alýar we sürtülmäni azaldýar, bu bolsa hereketlendirijiniň ömrüni uzaltmaga kömek edýär. Şeýle-de bolsa, wagtyň geçmegi bilen ýag ýylylyk bölünişi we mehaniki bölejikler bilen hapalanma sebäpli häsiýetlerini ýitirýär, şonuň üçin hereketlendirijiniň amatly işlemegi üçin yzygiderli ýag çalşygy zerurdyr.

Ýag çalşygynyň aralyklary motoryň görnüşi, hereketlendirijiniň ýaşy, ulnyş şertleri we öndürijiniň teklipleri ýaly birnäçe görkezijilere baglydyr. Umuman, ýagy her 5000 – 10000 kilometr sürüşden ýa-da her 6 aýdan çalyşmak maslahat berilýär.

Dogry ýag saýlamak

Hereketlendirijiniň ýagy saýlananda awtoulag öndürijisiniň tekliplerini göz öňünde tutmak zerurdyr. Bular, köplenç, ulanyş boýunça gollanmada görkezilýär. Ýagyň şepbeşikligi, aýratynlyklaryny we oňa bildirilýän talaplary göz öňünde tutmak möhümdir.

Şepbeşiklik esasy görkezijidir. Hereketlendirijiniň bölekleriniň ýaglanmagynyň hili, köneliş tizligi we sürtülme ýitgileri oňa baglydyr. Mundan başga-da, bu görkeziji temperatura tertibine we galyndylar üçin ýagyň sarp edilmegine gytaklaýyn täsir edýär. Hereketlendiriji işlemese-de, geçen aralygyna garamazdan, ýylda azyndan bir gezek ýagyny çalyşmaly.

Ýaglaýjy nädogry saýlanylsa, awtoulag şäheriň içinde gysga wagtlyk sürüşde gyzmaga ýetişmän, ýokary zeper ýetmek mümkinçiligi bilen hereket eder. Geçiriji turbalar we kanallar zyýanly maddalar bilen dykylyp biler, bu sebäpli bolsa hereketlendirijä zeper ýetýär. Şonuň üçin awtoulag sürüjileri üçin esasy mesele hereketlendirijiniň ýagyny saýlamakdyr.

Türkmenistanyň bazaryndaky iň gowy ýaglaryň biri «Shell Helix Ultra» ýagydyr. Bu «Shell PurePlus» innowasion tehnologiýasy arkaly tebigy gazdan ýasalan sintetiki binýatlyk ýagdyr. Onuň esasy artykmaçlygy düzüminde garyndylaryň asla ýoklugynda we ýokary molekulýar birmeňzeşligindedir, bu bolsa ýagyň adaty mineral binýatlyk ýaglar bilen deňeşdirilende, has durnukly şepbeşiklige, sürtülme we bugaryjylyk aýratynlyklaryna eýe bolmagyny üpjün edýär.

Ýagyň çalşylmagy diňe bir iş däl-de, eýsem, awtoulagyň uzak wagtlap işlemegine maýa goýumdyr. Awtoulagyňyza yzygiderli ideg edilmegine üns beriň we hereketlendirijiniň iň ýokary derejede goragly hem-de öndürijilikli bolmagy üçin ýokary hilli ýagy saýlaň.

Makala «Shell» kompaniýasynyň ýardam bermeginde taýýarlanyldy.