img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Awgust aýyndan başlap orta mekdepler çagalary birinji synpa kabul etmek üçin resminamalary kabul edip başlarlar

2596

...

 

Awgust aýyndan başlap Türkmenistanyň paýtagtyndaky we welaýatlardaky orta mekdepler çagalary birinji synpa kabul etmek üçin resminamalary kabul edip başlarlar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Mekdepde okamak üçin şu resminamalar gerek:

  • dogluş hakyndaky şahadatnama (göçürme);
  • ýaşaýan ýeriňdäki saglyk öýünden bellenilen nusgadaky lukmançylyk kartasy;
  • çagalar bagyndan häsiýetnama.

Şeýle hem mekdebe girmek üçin bellenen nusgada anketa doldurmaly we resminamalar tabşyrylanda ata-eneleriň pasportlary (asyl nusgalary) bolmaly. 2023-2024-nji okuw ýyly üçin birinji synplara 2017-nji ýylda doglan 6 ýaşly çagalar kabul edilýär.

Türkmenistanda işleýän orta mekdepleriň umumy sany iki müňe golaýlaýar. Ýurduň 200-e golaý mekdebi matematika, informatika, tebigy ylymlar, takyk ylymlar we ynsanperwer ylymlar, şeýle hem iňlis, rus, nemes, fransuz, italýan, hytaý we beýleki daşary ýurt dillerini öwretmäge ýöriteleşdirilendir.