266
Türkmenistan we Özbegistan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bilen Horezm sebitiniň arasynda hyzmatdaşlyk maksatnamasyny döretmek mümkinçiligine garaýar.
Bu başlangyç Hywa şäherinde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň syýahatçylyk ministrleriniň Yslam maslahatynyň XII mejlisinde beýan edildi. Hywa şäheri 2024-nji ýylda Yslam dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty diýlip yglan edildi.
Çärä Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Bu hyzmatdaşlyk maksatnamasy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bilen Horezm sebitiniň arasynda özara syýahatlary ýola goýmagy maksat edinýär. YHG-nyň syýahatçylyk ministrleriniň Yslam maslahatynyň XII mejlisi «Syýahatçylyk pudagynyň durnukly ösüşi» temasyndan geçirildi.
Maslahata Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baş sekretary Huseýn Ybrahim Taha, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baş sekretary Husraw Noziri, Bilim, Ylym we Medeniýet Yslam Guramasynyň baş müdiri Salim al-Malik, YHG-a agza ýurtlaryň 57-siniň syýahatçylyk ministrleri we birnäçe Halkara Guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Syýahatçylyk ministrleriniň Yslam maslahatynyň XII mejlisinde zyýarat, lukmançylyk we ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmäge gönükdirilen rezolýusiýalar kabul edildi.