img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

AŞTU-nyň «eKassa» mobil programmasynyň iň soňky nusgasyny ýükläp alyň

338

...

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «eKassa» mobil programmasyny täzeledi. Oňa birnäçe uly bolmadyk üýtgeşmeler girizildi.

«eKassa» mobil programmasy AŞTU-nyň hyzmatlary üçin tölegleri ýeňil we çalt geçirmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, hyzmatlaryň töleglerini geçirmek üçin «Şahsy hasap» köpugurly hyzmat platformasynda bolşy ýaly, ýörite PIN kody almak zerurlygy ýok.

Ulgama girmek üçin diňe telefon belgiňi görkezmek gerek.

Bank kartalaryny «eKassa» bilen birikdiri, telefon, internet we IPTV hyzmatlary üçin islendik wagt tölegleri geçirmek, balansyňy barlamak we dürli onlaýn amallary dolandyrmak mümkindir.

Ulanyjylarynyň sany günsaýyn artýan bu programma üpjünçiliginiň ulanyjy üçin amatly we döwrebap interfeýsiniň bardygyny bellemek gerek.

«eKassa» mobil programmasy «Google Play-de» we «App Store-de» ýükläp almak üçin elýeterlidir.