2895
5-nji iýulda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti ýazýar.
Boş iş orunlaryň ilata hödürleniş çäresini guraýjylar edara-kärhanalary, guramalary, firmalary, kompaniýalary özlerinde eýelenmedik bar bolan boş iş orunlaryny hödürlemeklige çagyrýar.
Işe girmek isleýän raýatlar özleri bilen pasportyny we zähmet depderçesini alyp gelmelidirler. Ýarmarka sagat 09:00 — 12:00 aralygynda geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler: (+993 12) 22-74-07.