264
Rewolýusiýadan hem irki döwürde çap edilen Orta Aziýa demir ýoly boýunça suratly ýol görkeziji kitapça şu aşakdakyny beýan edýär. Ashabadyň (häzirki Aşgabat) şol döwrüniň has belli bolan binalarynyň hatarynda Orta Aziýa demir ýol edarasynyň, Zakaspiý gümrük okrugynyň, Gaznanyň we Rus-Aziýa bankynyň bölüminiň binalaryny görkezmek bolar. Bilim edaralarynyň hatarynda bolsa, erkekleriň we zenanlaryň gimnaziýalaryny hem-de tehniki demir ýol mekdebini (uçilişşe) bellemek bolar.
Şulary göz öňünde tutup, Ashabad şol döwürlerde ülkäniň ylmy merkezi bolupdyr. Beýleki ilatly ýerler bilen deňeşdireniňde, bu şäherde köp sanly bilim edaralary bolupdyr. Muňa garamazdan hem olar bilim almaga isleg bildirýän ilatyň bilim almaga, hünär edinmäge bolan zerurlyklaryny kanagatlandyryp bilmändir. Ýerli ilatyň içinden mugallymlary taýýarlamak maksady bilen döwlet gaznasynyň hasabyna Türküstan mugallymçylyk seminariýasynyň synplarynda 5 talyp hakly okuwlary döretmek kararyna gelindi. Şu möçberdäki talyp hakly okuwlar Ashabad ülkesinde hem döredildi.
Ashabadyň özi gowy abadanlaşdyrylan şäher bolupdyr. Onuň iki tarapyna hem bir hatar, käbirlerine bolsa iki hem-de üç hatar bag ekilen göni we giň köçeleri bolupdyr.
Ýaşyl baglaryň köplügi ýaşaýyş jaýlaryny howlularyň içinde gurmak tejribesinden el çekmäge mümkinçilik döredipdir. Täze gurulýan jaýlaryň öň tarapy köçä bakdyrylyp gurlup başlanypdyr. Berk binagärlik talaplaryna laýyk gelýän jaýlar döräp başlapdyr. Muňa mysal hökmünde, ýokarda ady agzalan bilim edaralaryny (gimnaziýalary), Gyzyl Haj jemgyýetiniň jaýyny, “Harby” we “Welosipedli” gurnaklarynyň binalaryny görkezmek bolar.
Hakyna tutma işçiler tarapyndan gazylan akabalardan akýan suwlar döreýän tozanly ýelleriň öňüni alypdyr.
Suw ýetmezçiligi diňe belli bir wagtyň dowamynda köçeleri suwlulandyrmaga mümkinçilik beripdir. Şol döwürler Ashabad dagdan gaýdýan iki derýa Ashabat we Köşi derýalarynyň suwy bilen suwlulandyrylypdyr. Bu derýalaryň suwlary şäheriň köçelerini suwlulandyrmak üçin peýdalanylypdyr. Içimlik üçin bolsa käriz suwlaryndan peýdalanylypdyr.
Köçeler metaldan ybarat bolan kerosin çyralar arkaly ýagtylandyrylypdyr.
Şäherde iki gazet – “Zakaspiýskoýe Obozreniýe” (K.Oedorowyň redaksiýasy bilen) we “Ashabad” (Z.Jawronowa) gazetleri neşir edilipdir. Gazetler hususy çaphanalarda çap edilipdir.
Şäherde döret sany jemgyýetçilik gurnagy hereket edipdir. Olaryň ikisiniň ady ýokarda görkezilen bolsa, galan ikisi “Sport” we “Iňlis” diýlip atlandyrylypdyr. “Harby” we “Welosipedli” gurnaklaryň içinde iň gowulary bolupdyr. Bularda käte göçme sahna we aýdymçylaryň çykyşlaryny kabul etmäge ukyply zallar hem ýerleşipdir. Bu maksatlar üçin şeýle-de Dobrožansk sirkiniň binasy ulanylypdyr. Bu binalarda görkezilýän sahna çykyşlaryň gymmatlygy zerarly, adaty şäher ýaşaýjylary “Elže”, “Modern” we “Hudožestwennyý” kinemoteatrlaryndan peýdalanypdyrlar. Bularyň içinde soňky ady agzalany iň gowusy hasaplanylypdyr.
Ashabatda dürli ösümlikleriň we gülleriň baý görnüşlerine beslenen şäher baglary, şeýle hem “Kozelkowskiý” we rus şahyrynyň ýadygärligi ýerleşen “Puşkin” seýilgähleri bolupdyr.
Zakaspiý oblastynyň dolandyryş düzüminiň merkezi bolan şäheriň aýratyn şertleri onuň şol bir wagtda içerki we daşarky söwdanyň merkezi bolmagyny şertlendiripdir. Bu bolsa öz gezeginde, dürli ugurly köp sanly söwda kärhanalarynyň döremegine esas bolupdyr.
Şolaryň hatarynda Kruglowyň dükanlaryny, Medwedowyň we Gülnazarowyň taýýar köýneklerini, Sadykowyň we Ýunusowyň halylaryny, Petrosýansyň gözellik we deri önümlerini, Poterýahiniň we Grigorýewiň süýji-köke önümlerini we başga-da birnäçesini ýatlap geçmek bolar. Kakaçýowyň we Kerimowyň gap-gaç we lampa önümleri, Gaýamowyň mebel dükanlary, Pawloskyň dermanhanalary, Ter-Mikirtyçýewiň sabyn gaýnadýan zawody, Butuzowyň kerpiç zawody, Popowyň gön önümleri we hek zawody, Awetisowyň un harazy hem şolaryň hataryndadyr.
Ashabadyň bejeriş-sagaldyş edaralarynyň hatarynda şäher we demir ýol hassahanasy, harbylaryň hassahanasy, Minkewiçiň suw bilen bejeriş merkezi, lukmanlaryň hususy bejerişhanalary bolupdyr.
Ashabadyň golaýynda bagçylyk, bakjaçylyk we ýüpekçilik mekdepleri bolupdyr. Olaryň ýanynda bolsa bu edaralaryň ýörite önümhanalary ýerleşipdir. .
Ashabadyň taryhy kökleri uzak geçmişe uzaýar. Bu makalada bolsa, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň geçmişiniň kiçijik bölegi beýan edildi.