img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Arkadag şäherinde «Akylly» tehnologiýalara bagyşlanan Halkara ylmy maslahat geçirildi

2744

...

 

Şu gün — 30-njy iýunda täze Arkadag şäherinde «Arkadag şäheri — sanly we akylly tehnologiýalaryň mekany» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.

Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň dabaraly açylmagy mynasybetli geçirilen möhüm çäreleriň birine öwrülen bu iri forumy Arkadag şäheriniň häkimligi, Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy guradylar.

Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata hökümet agzalary, Ylymlar akademiýasynyň we onuň düzümine girýän institutlaryň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professorlar we mugallymlar gatnaşdylar.

Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Russiýanyň, Belarusyň, Özbegistanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy institutlarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem halkara guramalaryň wekilleri, hususan-da, BMG-niň Türkmenistanda işleýän edaralarynyň we agentlikleriniň ýolbaşçylary bar.

Maslahatyň işiniň öňüsyrasynda sanly tehnologiýalaryň we innowasion taslamalaryň sergisi bilen tanyşlyk boldy. Munuň özi tötänden däldir. Çünki, kanunçylyk esasynda aýratyn hukuk derejesine - döwlet ähmiýetli şäher derejesine eýe bolan täsin Arkadag şäheri, ilkinji nobatda, hut şu düşünjeler bilen baglanyşdyrylýar.

Foruma gatnaşyjylar üçin täze şäher boýunça ýörite tanyşlyk gezelenji guraldy. Olar adamlaryň ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin has oňaýly şertleriň döredilmeginiň bu ýerde kemala gelýän şäher gurşawynyň tapawutly aýratynlygydygyna göz ýetirdiler. Şäherde häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän innowasion sanly tehnologiýalar adamlaryň hyzmatynda goýuldy.

Foruma gatnaşyjylar geljegiň şäheri diýip atlandyryp boljak Arkadag şäheriniň açylmagynyň ýurdumyzyň ykdysady we ylmy-tehnologik taýdan okgunly ösüşiniň aýdyň subutnamasy hökmünde Türkmenistanyň täze taryhynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazyljakdygyny bellediler. Ýurdumyz durmuşyň ähli ulgamlaryna ýokary tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga aýratyn üns berýär.

Myhmanlar ösüşiň we rowaçlygyň täze sepgitlerine tarap ynamly öňe barýan Berkarar Watanymyzyň gazanýan üstünliklerine haýran galýandyklaryny aýtdylar. Ýurdumyz innowasiýalara, çylşyrymly tehnologik çözgütlere we öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalara esaslanýan giň gerimli taslamalary amala aşyryp bilýandigini tutuş dünýä görkezdi.