471
Alymlar rak öýjüklerini ýok etmegiň täze usulyny oýlap tapdylar. Olar aminokýanin molekulalaryny infragyzyl ýagtylyga sezewar etdiler. Bu bolsa sinhron hereketine täsir etdi we rak öýjükleriniň membranalarynyň ýok bolmagyna sebäp boldy.
Bu ylmy barlag Raýs uniwersitetiniň, Tehas A&M uniwersitetiniň we Ostindäki Tehas ýokary okuw mekdebiniň utgaşykly topary tarapyndan geçirildi. Ylmy barlagy geçirenler täze usulyň öňki usullardan has täsirli bolandygyny bellediler.
«Bu molekulýar ulaglaryň täze nesli bolup, biz olary çekiç diýip atlandyrýarys» ― diýip, himik Jeýms Tur belläp geçýär.
Rak keselini ýok edýän molekulýar maşynyň başga bir görnüşi öň döredilipdi. Emma täze ösüşiň mehaniki hereketi million esse çaltdyr. Mundan başga-da, ol görünýän ýagtylyk bilen däl-de, ýakyn infragyzyl şöhlelenme arkaly işjeňleşdirilýär we bedene has çuňňur aralaşmagyna mümkinçilik berýär. Geljekde täze tehnologiýa süňk we organ rak keselini operasiýa etmezden bejermek mümkinçiligini döreder.
Synaglaryň dowamynda «molekulýar çekiç» laboratoriýada ösdürilip ýetişdirilen rak öýjükleriniň 99%-ini ýok etdi. Laboratoriýa syçanlarynda melanoma bilen synag edildi we haýwanlaryň ýarysy keselden gutuldy.
Alymlar aminosýanin molekulalarynyň infragyzyl ýagtylyk ýaly gyjyndyryjy bilen sinhronlaşýandygyny düşündirdiler. Molekulalaryň içindäki elektronlar hereket edende, plazmon diýlip atlandyrylýan bölejikleri döredýärler. Olar tutuş molekulany herekete getirýän umumy titreýän görnüşlerdir.
Bu plazmanyň kömegi bilen ähli molekulany işjeňleşdirmek we belli bir maksada ýetmek üçin mehaniki täsiri amala aşyrmagyň birinji halaty bolup, bu ýerde rak öýjükleriniň membrenasynyň ýaryşy bolup geçýär diýip ylmy işiň awtorlary belläp geçýärler. Geljekde gözlegçiler şuňa meňzeş usulda ulanyp boljak molekulalaryň beýleki görnüşlerini hem seljermek isleýärler, diýip «Nature Chemistry» tarapyndan berlen maglumata esaslanýan «Mir24» habar berýär.