131
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda ýakynda täze bellenilen Ilçisi Elizabet Rud ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň täze toplumynda özüniň ilkinji metbugat-maslahatyny geçiridi. Diplomat žurnalistler bilen duşuşygyň dowamynda täze wezipede alyp barjak işiniň möhüm ugurlaryny beýan etdi.
Amerikanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy işiniň esasy dört ugruny belläp geçdi. Olar: howa meselesi, ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk, şeýle hem howpsuzlygy pugtalandyrmak we adam hukuklaryny ösdürmek.
Şeýle hem Elizabet Rud iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändigini aýdyp, şeýle diýdi: “Meniň işimiň ýene-de bir ugry adamlarymyzyň, halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekden ybarat bolar. Geçen hepde meniň Maryda amerikan toplumyna saparym boldy. Men ýaşlaryň takyk ylymlar babatda bolşy ýaly, olaryň iňlis diline erk etmek başarnyklaryny ösdürmek babatdaky tutanýerliliklerinden-de örän ruhlandym”.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky täze bellenilen Ilçisi žurnalistler bilen söhbetdeşliginiň dowamynda ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki howpsuzlykdan hem-de tebigatdan täsirlenendigini gürrüň berdi. Diplomat medeni-taryhy ýadygärlikler barada belläp, olaryň goralyp saklanylyşyna haýran galandygyny hem-de bu ugurda ABŞ-nyň Ilçisiniň ýadygärlikleri goramak gaznasy tarapyndan mundan beýläk-de işleri dowam etjekdigini aýtdy.