img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

2024-NJI ÝYLDA GDA-NYŇ BAŞLYKLYGY RUSSIÝA FEDERASIÝASYNA GEÇDI

320

...

1-nji ýanwardan Russiýa Federasiýasy Gyrgyz Respublikasynyň ornuna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň başlyklygyna geçdi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putin Arkalaşygyň 2024-nji ýyl üçin esasy ileri tutýan ugurlaryny kesgitleýän Başlyklyk Konsepsiýasyny, şeýle hem ony durmuşa geçirmek üçin 150-ä golaý belligi özünde jemleýän meýilnamany tassyklady.

Şeýlelikde, şol Konsepsiýa laýyklykda, ykdysady işi çuňlaşdyrmaga, daşary syýasaty utgaşdyrmagy ýokarlandyrmaga, kynçylyklara we howplara garşy göreş mehanizmlerini bilelikde güýçlendirmäge, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn ähmiýet bermek meýilleşdirilýär.