img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

1 — 10-njy ýanwary aralygynda mekdep okuwçylary gyşky dynç alyşa çykarlar

428

...

2024-nji ýylyň 1 — 10-njy ýanwary aralygynda mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günlerini geçirmek boýunça taýýarlyk işleri geçirilýär. Bu barada wise-premýer N.Amannepesow 22-nji dekabrda san­ly ulgam arkaly geçirilen Türkm­enistanyň Ministrler ­Kabinetiniň nobatdaky­ mejlisinde hasabat berdi.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň Täze ýyl baýramçylyk dabaralary çagalar baglarynda, umumybilim berýän orta mekdeplerde, medeni-dynç alyş merkezlerinde, seýilgählerde guramaçylykly geçirilýär. Körpelere we ýetginjeklere niýetlenen sahna oýunlarydyr kinofilmleriň görkezilişi, ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýerlerine, muzeýlere gezelençler göz öňünde tutulýar.

Ýetip gelýän 2024-nji ýylyň birinji gününde, asylly däbe eýerip, Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl mynasybetli çagalaryň baýramçylyk dabarasynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşurylar.

1 — 10-njy ýanwar aralygynda bu ýerde çagalaryň jemi 4 müňüsine sowgatlar berler.