4267
Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň hem-de ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatorlarynda görkezilen jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary boýunça daşary ýurt döwletlerinde berlen bilim hakyndaky resminamalaryň Türkmenistanda ykrar edilmegi üçin ýokary okuw mekdebiniň dünýäniň okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň («Academic Ranking of World Universities», «QS World University Rankings», «Три миссии университета» we «The Times Higher Education World University Rankings») kesgitleýän sanawyna giren bolmagy hökmany şert hökmünde talap edilýär. Beýleki ugurlar boýunça daşary ýurt döwletlerinde berlen bilim hakyndaky resminamalaryň Türkmenistanda ykrar edilmegi üçin ýokary okuw mekdebiniň ýokarda agzalan sanawa girmegi hökmany şert hökmünde talap edilmeýär.