160
Daşky gurşawyň abadançylygyna döwrüň iň derwaýys meseleleriniň biri hökmünde garalýan zamanada tebigat barada aladalanmak her bir adamyň borjudyr. Häzirki wagtda bütin dünýäde millionlarça adam ekologiýa abadançylygy bilen bagly bilýänlerini durmuşa geçirmek we beýlekilere öwretmek arkaly planetamyzyň tebigy baýlyklaryny aýawly peýdalanmagy wagyz etmäge gatnaşýar. Önümçilik kärhanalarynyň sanynyň artmagy, adamlaryň daşky gurşawa biperwaý garamagy we tebigy hadysalar ekologik sazlaşygyň bozulmagyna sebäp bolýar. Agaçlar, ýapraklar, miweler ýaly tebigy närseler peýdalanylandan soň, gysga wagtda dargap, daşky gurşawa zyýan ýetirmezden ýitip gidýär. Emma uglewodorodlardan taýýarlanylýan we beýleki himiki maddalaryň goşulmagy esasynda öndürilýän plastmassa ýaly önümler suwda-da, açyk howada-da uzak wagtlap saklanyp bilýär. Bu bolsa diňe bir ynsanyň däl, eýsem, ähli janly-jandarlaryň ýaşaýşy üçin oňaýsyzlyklary döredýär. Ummanlardan we deňizlerden ýarym asyr mundan ozal zyňylan plastik gaplaryň tapylmagy bu hakykata aýdyň delildir. Biz hem gündelik durmuşda plastik galyndylary mümkingadar az peýdalanyp, daşky gurşawyň abadançylygyna goşant goşmak bilen bagly maslahatlary paýlaşmagy makul bildik.
Polietilen torbalary artykmaç ulanmakdan saklanyň!
Dürli önümleri daşamakda we saklamakda örän amatlydygyna garamazdan, polietilen torbalar daşky gurşaw üçin oňaýsyz galyndylaryň uly bölegini emele getirýär. Şonuň üçinem dükanlardan, söwda merkezlerinden harytlary satyn alanyňyzda, polietilen torbalaryň ornuny köp gezeklik gaplar bilen çalyşmaga synanyşyň. Ekologiýa abadançylygy ugrunda göreşýänler munuň üçin köp gezek peýdalanmaga niýetlenen söwda torbasyny edinmegi maslahat berýär. Şeýle ýönekeý endik ýeke gezek ulanylyp taşlanylýan polietilen torbalaryň ýetirýän zeperini ep-esli azaltmaga hem-de serişdeleri tygşytlamaga kömek eder. Dermanhanalarda we egin-eşik dükanlarynda hem zerur bolmadyk halatynda polietilen gaplardan ýüz öwürmek bolar.
Kofe içeniňizde, ýaltalyga ýol bermäň!
Iş ýeriňizde bir gezeklik bulgurlarda kofe içmegi endik edinen bolsaňyz, onda her ýylda, takmynan, 150 — 200 plastik bulgury zibile taşlaýansyňyz. Şeýle bulgurlar kartondan ýasalýan hem bolsa, olaryň içi gyzgyn suwuklygy saklamak üçin ýörite plastmassa gatlagy bilen örtülýär. Kofe bulgurlarynyň gapagy köplenç halatda gaýtadan ulanyp bolmaýan polistiroldan ýasalýar. Kofe ýa-da kakao içesiňiz gelen mahaly ýaltalyga ýol bermän, içgileri adaty keramika ýa-da aýna bulgura demlenmek bary-ýogy birnäçe minutyňyzy alar. Emma bu wagty tebigaty goramak ugrunda edilen peýdaly işe sarp edilen mütdet hökmünde hasaba alyp bilersiňiz.
Köp gezeklik suw çüýşesini ediniň!
Soňky ýyllarda ylymda ep-esli öňegidişlik gazanylsa-da, henize çenli çalt dargap, tebigata zyýan ýetirmezden ýitip gidýän plastik çüýşeleriň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýmak başardanok. Her birimiz mümkin boldugyndan köp gezeklik aýna çüýşelerini peýdalanmak bilen, ýylda 100-den gowrak plastik çüýşäniň zibile taşlanmagynyň öňüni alyp bileris. Ilkibaşda kynrak ýaly görünse-de, aslynda, bu örän ýönekeý endikdir. Elbetde, gyssanmaç mahalymyz bir gezeklik plastik çüýşelerdäki içgileri satyn alyp bileris. Emma gezelenje çykylanda, syýahat edilende ýa-da sport bilen meşgullanylanda, ýanymyza alýan suwumyzy uly gaplardan köp gezek ulanyp bolýan kiçi çüýşelere guýsak, onda daşky gurşawyň abadançylygy barada aladalandygymyz bolar.
Ýaprak görnüşli çaýlary saýlaň!
Iň peýdaly içgileriň biri hasaplanýan çaýyň muşdaklary hem ekologiýa abadançylygy hakynda aladalanmalydyr. Häzirki döwürde meşhur bolan bir gezek demlenmäge niýetlenen haltajyklardaky çaýlar görnüşi ýaly ýönekeý däl. Şol haltajyklar düzüminde plastik saklanýan termoplastik süýümlerden ýasalýar. Şol sebäpden-de, zibile taşlanan çaý haltajygy uzak wagtyň dowamynda dargaman saklanyp bilýär. Bir gezeklik haltajyklardaka derek uly gaplarda satylýan ýaprak görnüşli çaýy saýlamagyň birnäçe peýdaly tarapy bar. Ýaprak görnüşli çaýlar peýdaly häsiýetlerini ýitirmeýär, tagam aýratynlyklaryny saklaýar. Şeýle hem ulanyşda has tygşytlylygy we ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar.
Taýýarlan Muhammetnur ÝAZGELDIÝEW,
«Watan».