138
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna 1-nji sentýabrda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli gutlag hatlarydyr telegrammalar gelip gowuşýar. Olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda giň möçberli özgertmeleriň, şol sanda bilim ulgamyny hil taýdan döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeleriň amala aşyrylýandygy nygtalýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri ýaş türkmenistanlylaryň döwrebap bilim almaklary ugrunda döredilýän ähli şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan ähli tutumly işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy deputatlaryň adyndan Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa gutlady.
Hormatly Prezidentimizi Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, B.Atdaýew, T.Atahallyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, M.Mämmedowa, B.Orazdurdyýewa, şeýle-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanymyzy bu şanly baýram bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.
Hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem gutlag hatlaryny iberdiler.
"Türkmenistan"
31.08.2024ý. №220