220
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, bu ugurda ýokary hilli hünärmenleri taýýarlamak, sanly ulgamy ösdürmek boýunça täze pikirleri ara alyp maslahatlaşmak we innowasion tehnologiýalary çekmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Durmuşa geçirilýän şol işleriň çäklerinde, şu gün — 22-nji aprelde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde ABŞ-nyň Dallas uniwersitetiniň kiberhowpsuzlyk hünäri boýunça magistri, «Signet Jewelers» kompaniýasynyň maglumat howpsuzlygy boýunça inženeri, Türkmenistanyň raýaty Allamyrat Tüýliýewiň şol mekdebiň mugallymlarydyr talyp ýaşlary, şeýle hem agentligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň hünärmenleri üçin IT ulgamy boýunça okuw sapagy guraldy. Ol şu ugry saýlan hünärmenler üçin diýseň gyzykly hem ähmiýetli maglumatlary beýan etdi.
A.Tüýliýew öz çykyşynda sanly maglumat, maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk ulgamlarynda alnyp barylýan işler hem-de öňde duran wezipeler barada giňişleýin gürrüň berdi.
Dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda, tehniki serişdeler arkaly iberilýän we gaýtadan işlenýän maglumatlary goramak, ylmy-tehnologik, intellektual mümkinçiliklere esaslanýan sanly ulgama geçmegiň milli usulyny işläp taýýarlamak bilen bagly meseleler duşuşygyň özenini düzdi.