429
2023-nji ýylyň 29-njy noýabry — 3-nji dekabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde Russiýanyň halklaryň dostlugy uniwersiteti tarapyndan geçirilen halkara matematika olimpiadasyna («RUDN MathOlymp») türkmen talyplary 6 altyn, 10 kümüş, 4 bürünç medala mynasyp boldular. Bu barada Magtymguly adyndaky TDU-nyň metbugat gullugy habar berdi.
1-4-nji ýyl talyplaryň arasynda şahsy we toparlaýyn görnüşde geçirilen olimpiada Russiýa Federasiýasy, Hytaý Halk Respublikasy, Azerbaýjan, Alžir, Belarus, Beýik Britaniýa, Sloweniýa, Täjigistan, Özbegistan, Fransiýa, Türkmenistan ýaly ýurtlaryň 30-a golaý ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň 120-den gowragy gatnaşdy. Onda Türkmenistana Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen Döwlet energetika institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary wekilçilik etdiler.
Şahsy bäsleşikde berlen meseleleri çözmek üçin gatnaşyjylara 4 sagat wagt berildi. Onda türkmen talyplary jemi 6 altyn, 10 kümüş, 4 bürünç medal gazanmagy başardy. Hususan-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Agabek Matýakubow, Balkan Jepbarow, Hydyrberdi Rejepow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Nurmyrat Ataýew, Türkmen Döwlet energetika institutynyň talyplary Gurt Döwletow, Muhammet Annaýew altyn medalyň eýesi boldular.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Şabibi Nurjanowa, Akmuhammet Akmyradow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Myratgeldi Annamuhammedow, Medine Ödäýewa, Döwletmyrat Esenow, Türkmen Döwlet energetika institutynyň talyby Akmuhammet Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Döwran Myradow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Kadyrberdi Annabaýew, Muhammetmyrat Goçmyradow, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Gurtgeldi Hanow kümüş medal gazandylar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Nagym Taňrygulyýew, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Gülöwser Gylyçmämmedowa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary Melike Jumaýewa, Ýazguly Aşyrow dagy bolsa bürünç medala mynasyp boldular.
Toparlaýyn görnüşde dowam eden olimpiadada wekilçilik edýän her bir ýokary okuw mekdebi 4 talypdan ybarat topary bilen çykyş etdi. Toparlar üçebara tertipde, üç tapgyr esasynda mysallara dogry jogap bermek arkaly bäsleşdiler. Bu görnüşde gazanan utuklary boýunça 3-nji orna mynasyp görlen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen Döwlet energetika institutynyň toparlary bürünç medaly eýelediler.
«RUDN MathOlymp»-yň köpöwüşginli maksatnamasyna laýyklykda, olimpiada gatnaşýan talyplar üçin «RUDN planetasy» ady bilen halklaryň dostluk konserti hem geçirilip, onda bäsleşige wekilçilik edýän ýurtlaryň milli aýdym-sazlary, tansly çykyşlary ýerine ýetirildi. Olimpiadanyň sylaglamak dabarasynda ýeňijilere degişli medallar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.