img
Инновационно-информационный центр
Является уполномоченным органом,
выполняющим функции национальных информационных центров
Новости Статьи Мероприятие

Täze  okuw  ýylyna  sowgat

33

...

Garaşsyz,  baky  Bitarap  ýyrdumyzda  ruhybelent,  berk  bedenli,  giň  dünýägaraýyşly,   edep-terbiýeli  ýaşlary  kemala  getirmek  hormatly Prezidentimiziň  döwlet  syýasatynyň  ileri  tutulýan  ugry  bolup durýar.

Ylymly, bilimli  nesli  terbiýeläp  ýetişdirmek  üçin  bolsa,  döwletimizde  ähli  mümkinçilikler   döredilendir.

,,Pähim- paýhas  ummany Magtymghuly  Pyragy’’  ýylynda  amala  aşyrylýan  işler  ýurdumyzyň  gülläp  ösmegine  we  dünýä derejesindäki abraýynyň  has-da artmagyna  ýardam  edýär.  Ýurdumyzda  ýaş  nesliň  giň  dünýägaraýyşly,  ylymly,  bilimli  bolup  ýetişmekleri  ugrunda uly  aladalar  edilýär.  Eziz  Diýarymyzyň  diňe  bir  paýtagtynda,  welaýat  merkezlerinde  däl,  eýsem  obadyr  şäherlerinde  döwrebap enjamlaşdyrylan  çagalar  baglary,  mekdepler  açylyp  ulanylmaga  berilýär.  

Ýurdumyzyň  geljegi  bolan  ýaşlar  döwrebap  binalarda    bilim  we  terbiýe  alyp,  öz  ukyp  başarnyklaryny  artdyrýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Hojambaz  etrabynyň  Hojambaz şäherinde 960 orunlyk  täze mekdep  2024-2025-nji okuw  ýylynyň 1-nji sentýabrynda- Bilimler we Talyp ýaşlar güni baýramçylygy mynasybetli  dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Täze mekdebiň açylyş dabarasyna Hormatly myhmanlar, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, etrabyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly hormatly ýaşulylar, ak saçly eneler, bilim işgärleri we mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Dabarada Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsançly hoşallyk sözleri, aýdym-sazly çykyşlary guraldy. Soňra Hormatly myhmanlar we dabara gatnaşyjylar täze mekdebiň toý lentasyny kesdiler.

Täze mekdep häzirkizaman  enjamlar  bilen  enjamlaşdyrylan, dünýäniň  ösen  tehnalogiýalary  ornaşdyrylan   mekdebinde  çagalara  bilim  we terbiýe  bermeklik  üçin ähli  mümkinçilikler  döredilen.  Täze 2024-2025-nji okuw ýylynda bu mekdebiň 1-nji synpyna kabul edilen çagalara Hormatly Prezidentimiziň adyndan “Bilimli” noutbuk kompýuterleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Çagalar bu mukaddes sowgat üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini goşgular bilen beýan etdiler.

Halkymyzyň  aýdyň  geljegi,  parahat  durmuşy  üçin  taýsyz  tagallalary  edýän,  ýaş nesle okamaga,  bilim  almaga  ähli  mümkinçilikleri döredýän  Gahryman  Arkadagymyzyň,  Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzyň  janlary  sag  bolsun,  il-yurt  bähbirli,  döwlet  ähmiýetli  beýik işleri  hemişe  rowaçlyklara  beslensin!

Jennet Rejepowa

Hojambaz etrap bilim bölüminiň müdiri.