106
Suratkeşe hyýalyndakyny we hünär ussatlygyny ulanyp, ajaýyp önümleri döredýän ussat hünärmen diýse bolar. Şunda ol diňe bir işiniň estetiki tarapy bilen çäklenmän, eýsem, müşderileriň we ulanyjylaryň hem isleglerini göz öňünde tutmaly bolýar.
Öýümizde abatlaýyş işlerini geçirýän wagtymyzda internet arkaly döwrebap otaglaryň içki bezeglerine üns etdim. Şol gözleglerde hem öýüň içki bezegi üçin taýýarlanylan portretdir asma otag sagadyna, dürli suratlara gabat geldim. Sahypa girip, edilen işleri içgin synlaýan wagtym, ol gözellikleri döredýäniň zenan maşgaladygy meni buýsandyrdy. Ol zenanyň mahabatda görkezilen el telefonyna gyzyklanyp jaň etdim. Suratkeş zenan meniň bilen diýseň mylakatly gürleşdi. Maksadymy aýdanymda bolsa, iş ussahanasynda duşuşmagy teklip etdi.
Ogulşirin Öwezberdiýewanyň iş ussahanasyna syn edenimde, ol ýerdäki milliligiň döwrebaplyk bilen sazlaşygyndan dörän eserlerde nazarym eglendi. Olar özboluşly bezegi, dürli reňkleri bilen biri-birinden tapawutlanýar. Inçelik bilen çekilen suratlar, üýtgeşik bezegleri olaryň tejribeli hünärmeniň elinden çykandygyndan habar berýär. Ogulşirin çagalykdan bu hünäre höwesli bolup, orta mekdepde okaýan wagty surat çekmäge başlaýar. Çagalyk arzuwdyr höwesi ony Bäşim Nuraly adyndaky çagalar sungat mekdebine alyp gelýär. Ol ýerde ussat mugallymlardan surat çekmegiň inçe tärlerini öwrenýär.
Ogulşirin soňra Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binagärlik we dizaýn fakultetine okuwa girýär. Ýokary okuw mekdebinde hem ilkinji zähmet ýoluna başlaýar. Talyp ýaşlara binagärlik, çyzgy taslama dersleri boýunça bilim berýär, hünär öwredýär. Ýaş hünärmen öz ussahanasynda işlemäge-de wagt tapýar. Dürli temalara degişli köp sanly sungat eserlerini döredýär. Ogulşiriniň döredijilik ýolunda gazanýan üstünliklerinde Bahar Orazmämmedowa, Ahat Nuwwaýew, Owgan Owganow ýaly ussat halypalaryň goşandy uludyr.
— Surat çekmegiň özboluşly aýratynlygy bar. Suratçy gara galamyň kömegi bilen ak kagyzyň ýüzünde dürli şekilleri janlandyrýar. Ýöne ony dürli reňkler bilen bezände welin, düýbünden başga eser döreýär. Surat çekmekde reňk esasy zerurlyk hasaplanýar. Şonuň üçin döredýän işlerimde reňkleriň sazlaşygyna aýratyn üns berýärin. Her bir öýüň özüne gelişýän reňki bolýar. Dizaýner ýa-da suratkeş otagyň diwarlarynyň, penjireleriniň, öý goşlarynyň sazlaşygyndaky eseri döretmäge çalyşmaly. Müşderi otaga girende, gözüne ýakymly görnen zatlaryň ruhuna-da ýakymly täsir etmegini gazanmaly. Her bir müşderiniň hem öz halaýan reňki bolýar. Dizaýner hem-de suratçy müşderiniň öý bezeglerine kybap geläýjek reňkleri saýlamaly.
Täze eser döretmezden ozal, ilki bilen, ony hyýalyňda janlandyrýarsyň, soňra kagyz ýüzüne geçirip başlaýarsyň. Ol baradaky pikirler köp wagtlap aňyňda aýlanýar. Aslynda, täze eseriň döremegine nämedir bir zat sebäp bolýar. Şonuň täsiri netijesinde hem täze eser döretmäge ruhlanýarsyň. Suratlaryň aglabasyny iş ussahanamda çekýärin. Häzirki döwürde mermer öwüşginini berýän eserlere isleg kän. Ony başgaça, «Resin Art sungaty» diýip hem atlandyrýarlar. Bu usul Ýewropada, Amerikada, Awstraliýada meşhurdyr. Ol häzirki wagtda ýurdumyzda-da köp ulanylýar. Onuň üçin ýörite boýaglar, şeýle-de oňa garylýan beýleki materiallar gerek. Olardan başga-da, 3d suratlary we relýef işlerini taýýarlaýaryn. Ähli usullaryň sazlaşygynda eserleri döretmek bilen suratkeşlikde öz ýolumy tapdym diýsem, ýalňyşmaryn. Dürli ölçegdäki kartonyň, gaty faneriň, kendiriň, tagtanyň we matanyň ýüzüne çekýän suratlarymyň müşderisi artýar. Olar üçin tekstura bilen garylan ýagly reňkleri, akril boýaglaryny, gips materiallaryny, ýörite altyn kagyzy (potal), altyn-kümüş reňkini berýän boýaglary ulanýaryn. Esasan-da, tebigy daşlary köp ulanýaryn. Suratlar ak, gülgüne, sary reňkli kwars, sitrin we ametist daşlary, şeýle-de zerler bilen bezelende has-da owadan görünýär — diýip, Ogulşirin Öwezberdiýewa gürrüň berýär.
Ýaş hünärmen ýörite buýurmalar esasynda kafe-restoranlar üçin hem üýtgeşik dizaýnly suratdyr asma sagatlary taýýarlaýar. Gelin-gyzlaryň köýnekleriniň ýakalaryna dürli boýaglardan milli nagyşlar salyp, zerli reňkler bilen bezeýär. Ogulşiriniň «Buýsanjymyz», «Alabaý», «Milli baýlygymyz — bedew atlarymyz», «Tawus guşy», «Nar», «Aşgabadyň agşamlary», «Bäş welaýat — bir dogan», «Kebelek», «Gözmonjugy», «Ösüş», «Dowamat», «Maşgala ojagy», «Milli hazyna» ýaly işlerinde türkmen alabaýlarynyň, behişdi bedewlerimiziň, datly miweleriň şekillerini görmek bolýar. Müň bir derdiň dermany bolan ýüzärlikden ýasan asma sagadynda, gözmonjukly, şaý-sepli işlerinde milli öwüşgin bar. Ol öz döreden eserleri bilen ýurdumyzda geçirilýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergilerine yzygiderli gatnaşýar. Ogulşirin şägirt ösdürip ýetişdirmäge-de wagt tapýar. Okuw derslerinden boş wagtlarynda iş ussahanasynda işlemäge höwesli talyp ýaşlar bilen aýratyn sapak geçýär.
Ogulşiriniň döredýän gözelliklerini synlap, Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen gelin-gyzlarynyň jadyly elleri gudrat döredýär» diýen buýsançly setirleri seriňe gelýär. Hakykatdan-da, döwrümiziň bagtyýar gelin-gyzlarynyň çeper ellerinden dür dökülýär. Olar owadanlykda, nepislikde deňsiz-taýsyz eserleri döredip, türkmen sungatyny dünýä ýaýýarlar.
Owadan ALLAÝAROWA,
«Zenan kalby».