305
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň (Türkmenistan, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy) ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, magistrleriniň arasynda «Dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamakda halkara ynsanperwer hukugynyň ähmiýeti» atly esse (düzme) bäsleşigi yglan edildi.
Bäsleşigiň maksady halkara ynsanperwer hukugyň binýatlaýyn ýörelgelerini öz içine alýan bilimleri ilat köpçüliginde giňden wagyz etmek we ýaýratmakdan ybarat diýlip, institutyň resmi saýtynda habar berilýär.
Bäsleşige diňe ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we magistrleri gatnaşyp biler. Oňa diňe bir awtordan ybarat bolan işler kabul edilýär. Köpçülikleýin, toparlaýyn işler kabul edilmeýär. Işler rus dilinde kabul edilýär.
Esse bäsleşigine ýazylan işleri we maglumatlary 2024-nji ýylyň 15-nji apreline çenli hhkafedra@gmail.com e-poçta arkaly ibermeli.
Bäsleşigiň netijeleri 2024-nji ýylyň 1-nji maýynda institutyň websaýtynda ýerleşdiriler. iirmfa.edu.tm
Bäsleşige tabşyrylan işleri bahalandyrmak we jemlerini jemlemek Garaşsyz eminler topary tarapyndan amala aşyrylar.Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2024-nji ýylyň 8-nji maýynda geçiriler. Türkmenistandan başga gatnaşan döwletleriň ýeňijileri bäsleşigiň jemleýji tapgyryna onlaýn görnüşinde birigerler.
Işleri tabşyrmak 2024-nji ýylyň 15-nji apreline çenlidir.