img
Инновационно-информационный центр
Является уполномоченным органом,
выполняющим функции национальных информационных центров
Новости Статьи Мероприятие

Medallar — üstünlikleriň nyşany

63

...

Türkmen talyplary her ýyl döwlet we halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Olar 5 — 11-nji awgustda Bolgariýanyň Blagoýewgrad şäherinde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London uniwersitetiniň kollejiniň ýurtdaky Amerikan uniwersiteti bilen guran 31-nji halkara matematika bäsleşigine (IMC-2024) gatnaşyp, üstünlik gazandylar.

60-dan gowrak ýurtdan 400-den agdygrak talyp bäsleşen olimpiada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary gatnaşyp, olardan 14-si dürli derejedäki medallara, has takygy, 3 altyn, 3 kümüş, 8 bürünç medala we höweslendiriji Hormat hatlaryna mynasyp boldular. Bäsleşige 60-dan gowrak ýurduň wekilleriniň arasynda geçirilen «The Most Effective Team Leaders in IMC 2024» (IMC-2024-de iň tejribeli topar ýolbaşçylary) bäsleşiginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematiki analiz kafedrasynyň mugallymy Agaserdar Ýollyýew kümüş medala mynasyp boldy. Bu ýeňiş topar ýolbaşçylarynyň arasyndaky bäsleşikde olimpiadanyň taryhy boýunça ýurdumyzda ilkinji gezek gazanylan üstünlik boldy.

Talyplarymyzyň Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda gazanan bu ajaýyp üstünligi mynasybetli, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde dabara geçirildi. Onda bellenilişi ýaly, bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary 31-nji halkara matematika bäsleşiginde 1 altyn, 3 kümüş, 4 bürünç medal gazandylar. Uniwersitetiň matematika fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Şabibi Nurjanowa altyn medala, maglumat ulgamlary we tehnologiýalary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Söhbet Maksadow, 3-nji ýyl talyplary Emir Wellekow bilen Balkan Jepbarow dagy kümüş medala mynasyp boldy. Matematika fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Sähragül Garlyýewa, şeýle hem maglumat ulgamlary we tehnologiýalary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Salyhbek Döwletmyradow, 3-nji ýyl talyplary Hajymuhammet Ataýew, Didar Gaýypow dagy bürünç medal gazandylar. Dabarada söz sözlän professormugallymlar, ýeňiji talyplar we beýleki çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.

"Türkmenistan"

13.08.2024ý. №204