360
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 2024-2025-nji okuw ýylynda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän ýaşlaryň resminamalaryny kabul etmek işleri başlandy. Häzirki wagtda Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bakalawr maksatnamasy boýunça okamaga isleg bildirýän ýaşlardan hem resminamalary kabul etmek işi guramaçylykly dowam edýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Bu işler degişli ministrlikleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde alnyp barylýar. Bu ýurtlar tarapyndan alty ugur, ýagny maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim we pedagogika ylymlary, oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary, inženerçilik işi, tehnologiýalar we tehniki ylymlar, matematika we tebigy ylymlar boýunça ýokary hünär bilimlerini almaga isleg bildirýän ýaşlara geljek okuw ýyly üçin talyp orunlary hödürlenilýär.
Degişli maksatnama esasynda ýokary hünär okuwlaryna dalaşgärler SAT, TOEFL hem-de IELTS akademiki bahalandyryş synaglaryndan üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamalaryny görkezip, artykmaçlykdan peýdalanyp bilerler.
Ozal habar berşimiz ýaly, dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek işi 10-njy ýanwarda tamamlanar.